Alymlar Ýeriň ýadrosynyň deňölçegsiz ösýändigini anykladylar

  • 15.06.2021 18:15
  • 13k+

Alymlaryň bellemegine görä, Ýeriň içki ýadrosy kem-kemden ösýär we her ýyl bir millimetr möçberde ulalýar. Munuň özi içki ýadronyň we daşky suwuk ýadronyň araçägindäki bölekleriň sowadylmagy we gatamagy sebäpli bolup geçýär diýip, ferra.ru ýazýar.

Şeýle hem alymlar Ýeriň içki ýadrosynyň ösüşiniň birsydyrgyn däldigini, dünýäniň käbir ýerlerinde onuň has çalt ösýändigini aýdýarlar. Şunuň bilen baglylykda, olar ýadronyň Indoneziýanyň Banda deňziniň aşagyndaky gündogar ýarysynyň Braziliýanyň aşagyndaky beýleki ýarysyna garanyňda gaty bölejikleri 60% köp toplanýandygyny anykladylar.
Ýeriň ýaşynyň 4 milliard ýyldan gowrakdygyna garamazdan, onuň içki ýadrosynyň has ýaşdygyny bellemek gerek. Geologlar onuň ýaşyny ýarym milliarddan 1,5 milliard ýyla çenli diýip hasaplaýarlar. Şunun bilen baglylykda, barlagçylar topary Ýeriň içki ýadrosyň soňky milliard ýyldaky ösüşini kompýuterde simulasiýa etdi. Netijede, olar ýadro turuwbaşdan deňölçegsiz ösüp başlapdyr diýen karara geldiler. Alymlar bu ýagdaý Ýeriň magnit meýdanynyň güýjüni üýtgedip biler diýip çaklaýarlar.


düýn 23:21
1.6k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

düýn 14:59
644

NASA: «Artemis II» missiýasy gyzlary kosmosa uçmaga höweslendirdi

Kristina Kukuň gatnaşmagyndaky «Artemis II» missiýasy dünýä ýüzündäki ähli gyzlar üçin älem giňişligine barýan ýoluň zenanlar üçin hem açykdygy baradaky möhüm habar boldy. Munuň şeýledigi NASA-nyň orbitadaky......

11.05.2026 23:19
3.6k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

10.05.2026 14:09
1.4k+

Alymlar dinozawrlaryň peýda bolan wagtyny 10 mln ýyl öňe süýşürdi

ABŞ-dan paleontologlar dinozawrlaryň Ýer ýüzünde öňki çaklanylandan 10 million ýyl ir peýda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky netijä geldi. Geçirilen barlaglara görä, olaryň gelip çykyşy 250–240 million ýyl......