7k+

Türkiýede ilat has çalt garraýar: garrylaryň sany 9,5 mln adamdan geçdi

Türkiýede 65 we ondan uly ýaşly adamlar indi ilatyň 11,1%-ini düzýär. «Turkstat-yň» berýän maglumatlaryna görä, bu görkeziji 2020-nji ýyldaky 9,5% bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarlandy. Türkiýe garry ilatyň paýy boýunça dünýäniň 194 ýurdunyň arasynda 75-nji orunda durýar...

6.4k+

Türkmenistanyň Baş konsuly Stambulyň häkimi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Stambul welaýat häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Ö. Jumanazarow bilen Stambulyň häkimi Dawut Gülüň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...

7k+

Antalýanyň kenarlarynda agramy 10 kg ýetýän howply meduzalar peýda boldy

Türkiýäniň Antalýa şäheriniň kenarýakalarynda ynsan saglygy üçin howply bolan Rhopilema nomadica görnüşli meduzalar peýda boldy. Bu barada Akdeňiz uniwersitetiniň ylmy işgäri Mehmet Gökoglu habar berdi. Ol bu meduzalaryň käbiriniň agramynyň 10 kilograma çenli ýetip bilýändigini belleýär...

9.7k+

Türkiýe 7 milliard dollara yklymlarara demir ýol gurar

Türkiýe Demirgazyk aýlaw demir ýolunyň gurluşygy üçin alty halkara guramadan 6,75 milliard dollar maliýe serişdesini almak boýunça deslapky ylalaşyga ýetdi. Bu taslama Bütindünýä banky, Aziýa infrastruktura maýa goýum banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler...

3.4k+

Ankarada «Kompozitor» atly türkmen filmi görkeziler

17-nji fewralda Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeniýet merkeziniň «İnce Memed» zalynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan düşürilen «Kompozitor» filminiň görkezilişi bolar. Bu çäre Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde guralýar...

3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Duşuşygyň başynda myhman Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi diýip, TDH habar berýär...

3.6k+

Türkiýäniň syýahatçylyk boýunça girdejisi rekord derejä ýetdi

2025-nji ýylda Türkiýäniň syýahatçylykdan alan girdejileri öňki ýyl bilen deňeşdirilende 6,8% artyp, 65,2 milliard dollara ýetdi. Bu barada Dunya neşiri ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýuň sözlerine salgylanyp habar berýär...

8.8k+

Türkiýe 2025-nji ýylda Türkmenistanyň raýatlaryna 120 müňe golaý wiza berdi

2025-nji ýylda Türkiýe Türkmenistanyň raýatlaryna, takmynan, 120 müň wiza berdi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda aýtdy diýip, «Ata Watan Media» neşiri habar berýär...

5.1k+

Izmirde "Süleýmanyň düwni" bilen bezelen gadymy mozaikaly zal tapyldy

Türkiýäniň Izmir şäherinde gadymy Smirnanyň çäginde arheologlar takmynan 1 600 ýyl mundan ozalky döwre degişli bolan we gowy saklanyp galan mozaikaly zaly ýüze çykardylar. "Interesting Engineering" neşiriniň "The Archaeologist" žurnalyna salgylanyp bermegine görä, bu zal "Süleýmanyň düwni" atly geometrik nagyş bilen bezelipdir...