Canon 410 MP çözgütdäki 35 mm ölçegli täze sensoryny tanyşdyrdy

  • 25.01.2025 19:08
  • 2.4k+

Canon Inc. kompaniýasy 410 megapiksel çözgüt bilen işleýän 35 millimetr ölçegdäki sensory döredendigini mälim etdi. Bu şeýle formatdaky sensorlar üçin rekord derejedäki çözgütdir. RGB we monohrom (bir reňkli) görnüşlerde elýeterli boljak täze önümiň, senagat hem-de ylmy pudaklarda we ýokary derejede takyk çözgüdi talap edýän ugurlarda ulanylmagyna garaşylýar diýip, PetaPixel neşiri habar berýär.

Canon-yň täze sensory 24592x16704 piksel durulykda, uly çözgütli şekilleri surata almaga mümkinçilik berýär. Bu, 24K çözgüde deň bolup, Full HD-den 198 esse, 8K-dan bolsa 12 esse ýokarydyr. Şeýle ýokary çözgüt, suratyň islendik bölegini kesip almaga we netijede jikme-jikleri ýokary derejede saklamaga mümkinçilik berýär.

«Köp sanly ýokary çözgütli CMOS sensorlar adatça orta formatda ýa-da uly ölçegde bolýar. Emma bu ýokary çözgütli sensor, 35 mm doly çarçuwaly formata gabat gelýär. Bu ony doly çarçuwaly sensorlar üçin niýetlenen linzalar bilen ulanmaga mümkinçilik berýär we surata düşürmek üçin enjamlaryň ölçeginiň hem kiçeldilmegine goşant goşýar» diýip, Canon habarynda belläp geçýär.

Maglumatlary okap almak tizligi 3280 MP/s, bu bolsa oňa doly çözgüt bilen sekuntda 8 kadry surat almaga mümkinçilik berýär.
Şeýle hem sensoryň monohrom görnüşi «4-in-1» diýip atlandyrylýan piksel binarizasiýa (birleşdirme) tehnologiýasyny goldaýar. Bu tehnologiýa, dört gapdaldaky pikselleri birleşdirip bir piksel ýasamaga mümkinçilik berýär. Netijede, has ýokary duýgurlyk gazanylýar we 100 megapiksellik wideony sekuntda 24 kadr bilen düşürmäge mümkinçilik berýär.
Elbetde, fotografiýa bilen meşgullanýanlar bu 410 megapiksellik sensoryň ýakyn wagtda Canon EOS R synpyndaky aýnasyz kameralar üçin peýda bolmagyna garaşmaly däldirler. Sebäbi, şeýle “senagat sensorlary” adaty ulanyjylar üçin amatly däldir.
Muňa garamazdan, bu sensorlaryň wideo gözegçilikde, lukmançylykda, ylym we senagat pudaklarynda giňden ulanyljakdygy şübhesizdir.

şu gün 00:18
518

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.5k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....