Canyon kompaniýasy “Oregano” sport smart-sagatlaryny hödürledi

  • 16.02.2020 21:48
  • 1.8k+

Canyon kompaniýasy giň funksionallyga eýe bolan we işjeň ýaşaýyş-durmuş üçin döredilen täze smart-sagatlaryny hödürledi. Öndürijiniň belleýşi ýaly, olar sportuň dürli görnüşleriniň esasynda adaptirlenen, onuň toplumynda gaýşynyň iki sany görnüşi bar, ýagny rezin we poliuretan görnüşleri. Şonuň bilen birlikde, başga laýyk reňkleri hem sargamak bolýar, ýagny saýlaw üçin gara-gyzyl, gara-ýaşyl we kümüşsöw-ak gurluşlar hödürlenýär. Birinji iki ýagdaýda ikinji gaýyş bütinleý gara bolýar, üçünjide – bütinleý ak reňkde. Sagatlar 1 metre çenli çuňluga uzak wagtlaýyn çümülende-de, suwa durnuklylyga eýedir we olar doly derejede tozandan hem goraglydyr.
Sagatlaryň aýratynlyklarynyň arasynda 240x240 pikselli 1,3 dýuýmly reňkli sensor displeýe, garaşma režiminde gajetiň 30 güne, işjeň režimde 5 güne çenli işlemegini üpjün edýän 200 mA/sag sygymly akkumulýatora, Bluetooth 4.2 simsiz tehnologiýa eýedigi hem bellenilip geçilýär.
Gurluşdaky maglumatlar Canyon topary tarapyndan ýörite işlenilip düzülen iOS we OC Android bilen doly gabat gelýän Canyon Life programmasy arkaly sinhronlanýar: sagadyň eýesine sport işjeňliginiň gündeki statuslary we onuň fiziki görkezijileriniň anyk statistikasy elýeterli. Programma gajete awtomatik ýagdaýda birigýär we dürli Canyon gurluşlaryndan alnan maglumatlary birleşdirýär.

düýn 17:48
3.2k+

Samsung täze çipler, kameralar we IP68 goragy bilen Galaxy A37 we A57 modellerini hödürledi

Samsung kompaniýasy Galaxy A36 we A56 modelleriniň ýerini tutjak Galaxy A37 we A57 smartfonlaryny hödürledi. «GSMArena» neşiriniň habar bermegine görä, täze modeller has çydamly korpusa, ýokary öndürijilige......

düýn 17:05
7.7k+

Melaniýa Tramp Ak tamdaky sammite robot bilen tirkeşip bardy

ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp Ak tamda geçirilen «Geljegi bilelikde ilerledýäris» atly global koalisiýanyň sammitine Figure Three atly gumanoid robot bilen tirkeşip bardy. Bu barada The Independent......

27.03.2026 11:41
3.9k+

Iň inçe iPhone-nyň satuwy iPhone 16 Plus-yňkydan iki esse köp boldy

iPhone Air özünden öňki Plus modeliniň ýerini eýeläp, satuwda has ýokary netijeleri görkezdi. Muňa ​Ookla portalynyň hasabaty şaýatlyk edýär....

27.03.2026 08:24
1.6k+

Meta Mark Sukerbergiň emeli aň ekiztaýyny döredýär

Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg kompaniýany dolandyrmaga kömek etjek we wezipeleriň ýerine ýetirilişini çaltlandyrjak şahsy emeli aň agentini işläp düzýär....