Samsungyň «akylly» sagatlarynyň täze nusgalary barada täze maglumatlar peýda boldy

  • 10.02.2020 22:15
  • 3.6k+

Internetde Samsung «akylly» sagatlarynyň täze modeli barada täze maglumatlar peýda boldy. Bu maglumatlar bilen «SamMobile» tematiki resursyna salgylanmak bilen ixbt.com web-saýty paýlaşdy.
Geçen hepde bu çeşme Galaxy watch 2 sagatlarynyň 8 Gb rekord göwrümli içki ýada eýe boljakdygy barada habar berdi.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, täze sagatlar Watch Active 2 sagatlary ýaly polatdan edilen korpus wariantyna eýe bolarlar. Şeýle-de, Watch Active 2 ýaly sagatlar gara, kümüşsöw we altyn ýaly üç reňkde hödürleniler. Polat modeli satuwa başlanan wagtynda diňe kümüşsöw we altyn reňklerde çykar.
Häzirlikçe, SamMobile anyk ady atlandyrmakdan saklanýar. Bu Galaxy Watch 2 hem, Galaxy Watch Active 3 hem bolup biler. Täze sagadyň aýlanýan apparat bezeline eýe boljakdygy hem heniz belli däl.
Muňa garamazdan, sagatlaryň iki ölçegde hödürleniljekdigi belli, olaryň ikisi hem LTE we Wi-Fi bilen üpjün ediler. Kiçi modeli 330 mA/sag sygymly akkumulýatora eýe bolar, bu bolsa 40 mm göwrümli Galaxy Watch 2 Active sagadyndaky 246 mA/sag-dan ep-esli ýokarydyr.
Täze sagatlaryň resmi görkezilişine ýylyň ikinji ýarymynda Galaxy Note 20-iň anonsy bilen birwagtda bolmagyna garaşylýar.

düýn 18:43
716

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi brendi bilen soňky birnäçe ýylda ilkinji noutbugyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy täze Xiaomi Book Pro 14 modeliniň tizer suratlaryny hödürledi. Bu kompaniýanyň 2023-nji ýylyň ahyrynda Xiaomi Book 14 modeli çykany bäri Xiaomi brendli ilkinji noutbugy boldy. Täze önüm ýakynda Hytaýda tanyşdyrylar...

düýn 11:30
893

Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac üçin täze emojileri taýýarlaýar

Apple kompaniýasy işläp düzüjiler üçin niýetlenen iOS 26.4, iPadOS 26.4 we macOS Tahoe 26.4 beta-wersiýalaryna sekiz sany täze emoji goşdy. Bu barada MacRumors neşiri habar berýär. Täze simwollaryň arasynda trombon, hazyna sandygy, çişen ýüz keşbi, ýeti (gar adam), uruş buludy, kosatka (kit), ýer opurylmagy, şeýle hem balet tansçysy peýda boldy...

düýn 11:13
790

Microsoft Windows 11 oturan ähli enjamlara Xbox-yň doly ekran tertibini goşar

Microsoft kompaniýasy Windows 11 operasion ulgamy gurnalan ähli enjamlara doly ekranly «Xbox tertibini» goşmagy meýilleşdirýär. Bu täze aýratynlyk 2026-njy ýylyň aprelinden başlap şahsy kompýuterlerde, noutbuklarda we planşetlerde elýeterli bolar...

12.03.2026 15:27
988

YouTube mahabatyň üsti bilen iň iri telestudiýalaryň umumy girdejisinden köp gazandy

2025-nji ýylda YouTube wideo-hyzmatynyň mahabat girdejisi 40,4 milliard dollara deň boldy. Bu görkeziji Disney, NBC, Paramount we Warner Bros. Discovery ýaly kompaniýalaryň mahabatdan gazanan umumy girdejilerinden (37,8 milliard dollar) ýokarydyr...