Alymlar garry agaçlaryň ýaş tokaýlara abanýan howp barada duýduryş berýändigini anykladylar

  • 07.05.2025 13:56
  • 6.1k+

Italiýanyň daglarynda alymlar köp ýaşan agaçlaryň ýaş daragtlara maglumat berşini ilkinji gezek hasaba almagy başardylar. Awstraliýanyň we Italiýanyň barlagçylary Kosta Bokke tokaýynda berýoza agaçlarynda datçik goýdular. Gün tutulmazdan ozal agaçlaryň işjeň ýagdaýda maglumat alşyp başlaýandyklaryna göz ýetirdiler. Muny ilki bolup iň köp ýaşan agaçlar edýärler diýip, New Atlas ýazýar.

Ösümlikler "elektrik tory" - kökler we şahalar arkaly aragatnaşyk ulgamyny ulanýarlar. Signallar wakadan birnäçe sagat öň peýda bolup, bu tokaýyň taýýarlanmagyna mümkinçilik berýär. Garry agaçlar, göýä tejribeli synçylar kimin, howsala yşaratyny berýärler. Ýaş daragtlar muny duýýarlar we ýokumly maddalary daşamak we suwuň hereketi ýaly içerki prosesleri deňine “togtadýarlar”. Bu olara kyn ýagdaýlarda energiýa tygşytlamaga kömek edýär.
Gün tutulmagy ýagtylyga bagly agaçlaryň aýlawlaryny bozýar. Tokaýyň köpçülikleýin reaksiýasy energiýa ýitgileriniň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Geçmişi ýadynda saklaýan köp ýaşan agaçlar bu işde möhüm rol oýnaýarlar. Olar tejribäni deňeşdirýärler we tokaýy howplardan gorap, başgalara ýol görkezýärler.
Bu açyş ýetişen daragtlaryň gymmatyny görkezýär. Şeýle hem ekoulgamlaryň howanyň üýtgemegine nähili uýgunlaşýandygyna düşünmäge kömek edýär. Alymlar tebigatda logikanyň pikir edişimizden has köpdügine we agaçlaryň hem şonuň bir bölegidigine ynanýarlar.
Bu waka köpçüligiň ünsüni özüne çekdi we "Tokaýyň kody" filminiň esasyna öwrüler. Filmde agaçlaryň biri-biri bilen aragatnaşyk saklaýşy we biri-birini goraýşy, tokaýyň ýaşy uly agaçlaryny goramagyň näme üçin möhümdigi görkeziler.


şu gün 09:54
29

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......