Astronomlar superýeri we subneptuny tapdy

  • 19.03.2025 14:01
  • 4.9k+

Astronomlar TOI-1453 ýyldyzynyň töwereginde iki üýtgeşik planetany tapdy. Ýyldyz Ýerden 250 ýagtylyk ýylyna barabar uzaklykda Aždarha ýyldyzlar toplumynda ýerleşýär. Ol goşa ulgamyň bir bölegi bolup, Günden sowuk we kiçidir diýip, Phys.org habar berýär.

Alymlar NASA-nyň TESS teleskopyny we HARPS-N spektrografyny ulanyp, TOI-1453 b-ni (superýer) we TOI-1453 c-ni (subneptun) kesgitledi.
Superýer TOI-1453 b Ýerden birneme uly bolup, ähtimal, daşly bolsa gerek. Ol bary-ýogy 4,3 günde öz ýyldyzynyň daşyndan doly aýlaw edýär, bu hem ony ýyldyzynyň iň ýakyn goňşusyna öwürýär.
TOI-1453 c radiusy Ýerden 2,2 esse uly, şol bir wagtyň özünde-de massasy Ýerden bary-ýogy 2,9 esse agyr bolan subneptundyr. Tapyndy ylma belli bolanlaryň arasynda iň pes dykyzlykly subneptunlaryň biri hasaplanýar, bu hem onuň düzümi barada sorag döredýär.

“Biziň gözegçiligimiz TOI-1453 c-niň öz ululygy üçin örän ýeňil planetadygyny görkezýär. Onuň wodoroda baý bolan dykyz atmosferasynyň ýa-da düzüminde ep-esli suw paýynyň bardygyny çaklamaga esas bar. Bu ony geljekki atmosfera gözlegleri üçin örän gowy obýekte öwürýär” – diýip, Lýež uniwersitetinden astrofizik Manu Stalport belleýär.

Planetalaryň orbitalary 3:2 rezonansyna golaý – içki planeta üç doly aýlaw edýänçä, daşkysy iki aýlaw edýär. Şeýle rezonanslar orbital göçüşiň tebigy netijesi hasaplanýar, bu hem planetalaryň nähili hereket edýändigine we öz gutarnykly orbitalaryny eýeleýändigine düşünmäge kömek edýär.


düýn 08:02
2k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.4k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
3.8k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
4k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......