Gün şöhlesini sargyt edip bolar: Reflect Orbital hemralar arkaly günuzyn ýagtylyk bilen üpjün etmegi wada berýär

  • 29.08.2024 01:25
  • 5.4k+

Reflect Orbital kompaniýasy biziň tebigy ýagtylyk hakyndaky düşünjämizi düýpgöter üýtgedip biljek ägirt uly taslamany hödürledi. Bu pikir Günüň şöhlesini Ýere serpikdirip, planetanyň islendik ýerini 24 sagatlap yşyklandyryp bilýän, ýörite aýnalar bilen enjamlaşdyrylan hemra ulgamyny ulanmakdan ybarat.

Ulanyjylar ýagtylygyň düşmeli ýerini we işjeňligini görkezip, ykjam mobil goşundy arkaly yşyklandyryşy sargyt edip bilerler. Bu tehnologiýa ajaýyp mümkinçilikleri açýar: gijeki konsertleriň geçirilýän ýerlerinden başlap, elektrik togy bolmadyk çet künjeklere çenli yşyklandyryşy üpjün etmek. Mundan başga-da, tehnologiýanyň awtorlary tehnologiýany Gün elektrik stansiýalaryndan gije-gündiziň dowamynda energiýa almakda ulanmagy teklip edýärler.
Başlangyç tapgyrda işläp düzüjiler dronlary we howa şarlaryny ulanmak arkaly synag geçirdiler.
Şeýle-de bolsa, taslama diňe bir joşgun däl, eýsem şübhe hem döredýär. Onlaýn ulanyjylaryň köpüsi muny nobatdaky ýene bir ýalançylyk hasaplaýarlar.
Işläp düzüjiler taslamanyň entek ösüşiň irki döwründedigini we köp tehniki meseleleriň indi çözülmelidigini boýun alýarlar. Muňa garamazdan, olar onuň geljegine ynanýarlar we taslamany durmuşa geçirmek boýunça işjeň işlemegi dowam etdirýärler.


şu gün 10:53
487

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.9k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....