Günde bolup geçen bäş sany güýçli alawlama Ýeriň ionosferasyna täsir derejesini ýokarlandyrdy

  • 09.07.2024 22:27
  • 10k+

8-nji iýula geçilen gije Günüň üstünde bäş sany M klasa degişli güýçli alawlama ýüze çykdy. Bu barada RF-niň Amaly geofizika institutyna (FGBU IPG) salgylanýan TASS habar berdi.

Birinji M1.5 synply alawlama Aşgabat wagty bilen sagat 02:59-da, ikinjisi - M1.0 synply alaw bolsa Aşgabat wagty bilen sagat 04:23-de boldy. M2.5, M1.1 we M1.3 synply ýene üç alawlama Günüň gündogar böleginde günorta ýarym şarda hasaba alyndy.
Alawlamalardan soň Günüň rentgen şöhleleriniň Ýeriň ionosferasyna täsir ediş derejesi noldan R1-e (gowşak) çenli ýokarlandy. Häzirki wagtda R derejesi nola gaýdyp geldi.
Gün alawlamalary rentgen şöhlesiniň güýji boýunça bäş klasa bölünýär: A, B, C, M we X. Alawlar, adatça, Ýere ýetende magnit tupanlaryny döredip biljek Gün plazmasynyň zyňyndylary bilen utgaşýar.


18.04.2026 23:36
3.7k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...