Britaniýanyň iň gadymy orkestrleriniň biri Londonda Çary Nurymowyň sazyny ýerine ýetirer

  • 17.05.2024 16:38
  • 6k+

Bornmut simfoniki orkestri (BSO) 19-njy maýda Voices from the East (Gündogar owazlary) festiwalyny türkmenleriň nusgawy kompozitory Çary Nurymowyň sazy bilen açar. Orkestriň web sahypasy bu çäräniň Londonda geçiriljekdigini habar berdi.

Bu çäräniň öňüsyrasynda, ukrainaly dirižýor Kirill Karabisiň ýolbaşçylygyndaky orkestr öz ýerine ýetirmeginde Ç.Nurymowyň “Epgegiň tepbedi” (“Гибель Суховея”) baletinden sýuitanyň ýazgysyny çykardy. 17-nji maýda ýazgy Apple Music akym platformasyna çykdy.
Voices from the East taslamasy – bu türkmenistanly, azerbaýjanly, gruziýaly, ermenistanly we dirižýor Kirill Karabisiň ata watany bolan ukrainaly kompozitorlaryň sazlaryna bagyşlanan konsertler. Festiwalyň çäklerinde Roýal-Festiwal Holda (2700 orunlyk) üç konsert, şeýle hem Sautbenk merkeziniň jemgyýetçilik ýerlerinde leksiýalar we mugt çykyşlar bolar.

Çäreleriň tertibi:

  • • 13:00 - “Voices from the East: Azerbaýjan we Türkmenistan”
  • • 16:00 - “Voices from the East: Gruziýa we Ermenistan”
  • • 19:30 - “Voices from the East: Ukraina”

Ilkinji konsertiň meýilnamasyna Çary Nurymowyň (1940-1993) 2-nji simfoniýasy, şeýle hem azerbaýjan kompozitorlarynyň eserleri - Frangiz Ali-Zadeniň (1947-nji ýylda doglan) “Ertekileri” we Gara Garaýewiň (1918-1982) “Ýedi gözel” baletinden sýuta girýär.
Ikinji konsert diňleýjileri Giýa Kançeliniň we Awet Terterýanyň 3-nji simfoniýasy arkaly Gürjüstanyň we Ermenistanyň saz dünýäsine aýlar. Günüň jemleýji  konsertinde Tomas de Hartmanyň we Boris Lýatoşinskiniň eserleri, şeýle hem BSO-nyň kompozitor-rezidenti Anna Korsunyň 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda ilkinji gezek Karabis we BSO tarapyndan ýerine ýetirilen “Terrikony” ýaňlanar.
Nurymowyň 1984-nji ýylda ýazylan ikinji simfoniýasy Indira Gandiniň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar - kompozitor bu sazy onuň janyna kast edilenden soň döretdi. Karabisiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň bu sazy eýýäm ýerine ýetirendigini bellemelidiris – onuň premýerasy 2022-nji ýylda Dorsetde bolupdy.
Bornmut simfoniki orkestri 1893-nji ýyldan bäri işleýär. Voices from the East festiwaly BSO-nyň Kirill Karabis bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň bir bölegidir. Üstümizdäki möwsümde Karabis orkestriň baş dirižýory hökmünde 15 ýyllyk işini tamamlaýar.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 23:53
3.8k+

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 19:18
4.1k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......