Dünýäde Gün energiýasyny sintez gazyna öwürmek boýunça ilkinji zawod gurulýar

  • 11.09.2022 07:42
  • 15k+

Şweýsariýanyň Synhelion kompaniýasy Gün energiýasyndan sintez gazyny öndürmek üçin dünýäde ilkinji senagat kärhanasynyň gurluşygynyň başlandygy barada mälim etdi. Soň ol kynçylyksyz kerosine ýa-da benzine gaýtadan işlenip bilner diýip, “The Engineer” habar berýär. Muny novosti.kg ýetirýär.

DAWN stansiýasy energiýany geliostatlaryň kömegi bilen ýygnap, ony sintez gazyna öwrer. Häzirlikçe zawodyň kuwwatynyň ýylda 150 tonna ýangyç bolmagy meýilleşdirilýär.
2030-njy ýyla çenli şweýsariýalylar şeýle zawod stansiýalarynyň ulgamyny gurmagy maksat edinýärler. Şonda olar ýylda 875 müň tonna ýangyç öndürip bilerler.


13.06.2026 11:09
1.8k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

02.06.2026 20:46
4.5k+

Italiýa elektrik togunyň ölçeg birliginiň adyny üýtgetmegi teklip edýär

Italiýanyň Hökümeti elektrik naprýaženiýesiniň halkara ölçeg birliginiň adyny «woltdan» «wolta» diýip üýtgetmek başlangyjy bilen çykyş etdi....

25.05.2026 16:14
5.5k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....

23.05.2026 11:14
2.8k+

Bir ýadro reaktorynyň deregi üçin 9 mln sany Gün paneli gerek bolar

Häzirki zaman ýadro reaktorynyň (atom elektrik stansiýasynyň) öndürýän elektrik energiýasynyň mukdaryna ýetmek üçin takmynan 8,5–8,7 million sany Gün paneli gerek bolar. Bu barada BGR neşiriniň taýýarlan......