Adamlar geljekde haty teni bilen okap bilerler

  • 03.12.2021 00:59
  • 11k+

Barlagçylar islendik dildäki teksti titremä - wibrasiýa öwrüp bilýän ýeňlige meňzeş enjamy döretdiler. Munuň netijesinde islendik daşary ýurt diline düşünip bolýar. Bu barada Eýndhowen Tehnologiýa uniwersitetine salgylanyp, ferra.ru habar berýär.

Ulgam şeýle tertipde işleýär: ilki bilen kompýuter programmasy teksti iňlis diline terjime edýär, soň ony ses birliklerine, ses birliklerini bolsa titremä öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, her sesiň öz titremesi bolýar. Ony ýeňligiň kömegi bilen eliň arkaly duýup bolýar.
Ylmy barlaga gatnaşyjylaryň biri her iki günden bir gezek bir sagat türgenleşip, titremäniň dilini bir aýda düşündirmegi öwrendi. Indi ol titremeleriň kömegi bilen adamlara düşünip biler.
Gözleg topary ýeňligiň önümçiliginiň üstünde bir ýyl bäri işleýär we täze oýlap tapyşy hasam kämilleşdirmek isleýär.


şu gün 20:11
93

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

şu gün 17:01
682

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 23:49
2.5k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

03.06.2026 00:06
2.2k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......