logo

AWTO ulaglary ätiýaçlandyryş

  • 15.09.2024
  • Aşgabat
  • 14k+
  • 24

Düşündiriş

Bu ätiýaçlandyryş gornüşinde awtoulag serişdesine ýetirlen zyýany bilen baglanyşykly bolan halatlardan goralýar. Biz nähili töwekgelçiliklerden ätiýaçlandyrýarys (KASKO bukjasy)? heläkçilik - ýol-ulag hadysasynyň netijesinde beýleki awtoulag serişdesi bilen çaknyşanda tebigy betbatçylyklar - üstün çykyp bolmajak güýjüň täsiriniň netijesinde, ýyldyrym urmagynyň, tupanyň, harasatyň, tüweleýiň, güýçli garyň, ýeriň yranmagynyň, suw joşgunynyň, suw almagyň we opurylmanyň netijesinde awtoulag serişdesiniň weýran edilmegi ýa-da zaýalanmagy. awtoulagyň ogurlanyp alyp gidilmegi – awtoulag serişdesine başga biriniň bikanun eýelik etmeginiň netijesinde awtoulag serişdesiniň weýran edilmegi ýa-da zaýalanmagy betbagtçylykly hadysalar – partlamagyň, buzuň aşagyna gaçmagyň, beýleki ulag serişdeleriniň tekerleriniň aşagyndan daşlaryň ýa-da başga zatlaryň ulaga degmegi, onuň üstüne zatlaryň gaçmagy netijesinde awtoulag serişdesiniň weýran edilmegi ýa-da zaýalanmagy Ýangyn, öz-özünden ot almak Mysal üçin: Siz 200 000 manatlyk maşynyñyzy heläkçilikden 1.5 % we betbagtçylyk hadysadan 0.4% ätiyaçlandyrdyñyz (eliñize kepil polisi berilýär). Ýylluk ätiýaçlandyryş üçin tölegi 3000 we 800 manat bolýar. Ýylyñ dowamynda awariýa bolsa ýa-da maşynyñyzy çyzsalar ýa-da üstüne agaç gaçsa, biz ýetirlen zyýanyñ hasaplamasyny gürleşilen serwisimizde edip resminamalaryñ we hasabatlaryñ esasynda öwezini doluş tölegini geçirip berýäris. Goşmaça maglumat üçin ofisimize ýüz tutup bilersiñiz. +993 12 48 46 36 +993 12 48 46 37 +993 12 48 46 65 Instagram: resmikepil

Kategoriýa : Hyzmatlar / Awtoulaglary abatlaýyş
Ýeri : Aşgabat
Telefon belgi :  +99365713387
Aşgabat / 15.09.2024

Bildirişi ýerleşdiren

RESMI KEPIL

RESMI KEPIL

ÄTIÝAÇLANDYRYŞ KOMPANIÝASY
Все объявления

Habarlaşmak üçin