Bu ätiýaçlandyryş gornüşinde awtoulag serişdesine ýetirlen zyýany bilen baglanyşykly bolan halatlardan goralýar.
Biz nähili töwekgelçiliklerden ätiýaçlandyrýarys (KASKO bukjasy)?
heläkçilik - ýol-ulag hadysasynyň netijesinde beýleki awtoulag serişdesi bilen çaknyşanda
tebigy betbatçylyklar - üstün çykyp bolmajak güýjüň täsiriniň netijesinde, ýyldyrym urmagynyň, tupanyň, harasatyň, tüweleýiň, güýçli garyň, ýeriň yranmagynyň, suw joşgunynyň, suw almagyň we opurylmanyň netijesinde awtoulag serişdesiniň weýran edilmegi ýa-da zaýalanmagy.
awtoulagyň ogurlanyp alyp gidilmegi – awtoulag serişdesine başga biriniň bikanun eýelik etmeginiň netijesinde awtoulag serişdesiniň weýran edilmegi ýa-da zaýalanmagy
betbagtçylykly hadysalar – partlamagyň, buzuň aşagyna gaçmagyň, beýleki ulag serişdeleriniň tekerleriniň aşagyndan daşlaryň ýa-da başga zatlaryň ulaga degmegi, onuň üstüne zatlaryň gaçmagy netijesinde awtoulag serişdesiniň weýran edilmegi ýa-da zaýalanmagy
Ýangyn, öz-özünden ot almak
Mysal üçin: Siz 200 000 manatlyk maşynyñyzy heläkçilikden 1.5 % we betbagtçylyk hadysadan 0.4% ätiyaçlandyrdyñyz (eliñize kepil polisi berilýär). Ýylluk ätiýaçlandyryş üçin tölegi 3000 we 800 manat bolýar. Ýylyñ dowamynda awariýa bolsa ýa-da maşynyñyzy çyzsalar ýa-da üstüne agaç gaçsa, biz ýetirlen zyýanyñ hasaplamasyny gürleşilen serwisimizde edip resminamalaryñ we hasabatlaryñ esasynda öwezini doluş tölegini geçirip berýäris.
Goşmaça maglumat üçin ofisimize ýüz tutup bilersiñiz.
+993 12 48 46 36
+993 12 48 46 37
+993 12 48 46 65
Instagram: resmikepil