logo
ŞANLY BEDEW

Düşündiriş

Şanly Bedew giň assortimentli elektrik kebşirlenen polat turbalary we profilleri öndürýär. Önümçilik üçin diňe MMK (Russiýa), Severstal (Russiýa), ArcelorMittal (Gazagystan) kombinatlaryndan uglerodly poladyň Ст3псСт2пс we ýewrostandart S235JR markaly ýokary hilli çig maly ulanylýar.

 

Önümçilik kärhanamyz iň ýokary takyklyk bilen kesýän stanok, ýokary ýygylykly kebşirleýän enjamy we halkara standartlaryna laýyk gelýän önümiň tegelek, inedördül we gönüburçly geometriýasyny emele getirýän enjam ýaly iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan.

 

Öndürilen turbalar, kebşir sepiniň hilini kesgitlemek üçin ultramelewşe defektoskop bilen synagdan geçirilýär, önümiň berkligini kesgitlemek üçin bolsa gidrawlik press bilen basyş edilýär.

TURBALAR

ÖLÇEG  
Ø34  
Ø38  
Ø42  
Ø44  
Ø48  
Ø50  
Ø57  
Ø63  
Ø76  
Ø89  
Ø95  
Ø102  
Ø108  
Ø114  

Ulanylyşy:

 

Elektrik kebşirlenen turbalar TDS 1855-2022 tehniki talaplaryna laýyklykda islendik görnüşdäki metal konstruksiýalary gurmak üçin ulanylýar.

 

Turbalar ölçegine görä 1.5mm- 4.0mm ýogynlyk aralykda öndürülip biler.

Turbalaryň standart uzynlygy 6000mm we 12000mm.

 

 PROFILLER

ÖLÇEG  
30X30  
40X20  
40X30  
40X40  
50X50  
60X40  
60X60  
80X40  
80X60  
100X50  
80X80  
90X90  
100X80  

Ulanylyşy:

 

Elektrik kebşirlenen inedördül we gönüburçly profil turbalary TDS 1973-2023 tehniki talaplaryna laýyklykda dürli metal desgalary gurmak üçin ulanylýar.

 

Profiller ölçegine görä 1.5mm- 4.0mm ýogynlyk aralykda öndürülip biler.

Profil turbalarynyň standart uzynlygy 6000mm.