Şanly Bedew giň assortimentli elektrik kebşirlenen polat turbalary we profilleri öndürýär. Önümçilik üçin diňe MMK (Russiýa), Severstal (Russiýa), ArcelorMittal (Gazagystan) kombinatlaryndan uglerodly poladyň Ст3пс, Ст2пс we ýewrostandart S235JR markaly ýokary hilli çig maly ulanylýar.
Önümçilik kärhanamyz iň ýokary takyklyk bilen kesýän stanok, ýokary ýygylykly kebşirleýän enjamy we halkara standartlaryna laýyk gelýän önümiň tegelek, inedördül we gönüburçly geometriýasyny emele getirýän enjam ýaly iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan.
Öndürilen turbalar, kebşir sepiniň hilini kesgitlemek üçin ultramelewşe defektoskop bilen synagdan geçirilýär, önümiň berkligini kesgitlemek üçin bolsa gidrawlik press bilen basyş edilýär.
TURBALAR
ÖLÇEG | |
---|---|
Ø34 | |
Ø38 | |
Ø42 | |
Ø44 | |
Ø48 | |
Ø50 | |
Ø57 | |
Ø63 | |
Ø76 | |
Ø89 | |
Ø95 | |
Ø102 | |
Ø108 | |
Ø114 |
Ulanylyşy:
Elektrik kebşirlenen turbalar TDS 1855-2022 tehniki talaplaryna laýyklykda islendik görnüşdäki metal konstruksiýalary gurmak üçin ulanylýar.
Turbalar ölçegine görä 1.5mm- 4.0mm ýogynlyk aralykda öndürülip biler.
Turbalaryň standart uzynlygy 6000mm we 12000mm.
PROFILLER
ÖLÇEG | |
---|---|
30X30 | |
40X20 | |
40X30 | |
40X40 | |
50X50 | |
60X40 | |
60X60 | |
80X40 | |
80X60 | |
100X50 | |
80X80 | |
90X90 | |
100X80 |
Ulanylyşy:
Elektrik kebşirlenen inedördül we gönüburçly profil turbalary TDS 1973-2023 tehniki talaplaryna laýyklykda dürli metal desgalary gurmak üçin ulanylýar.
Profiller ölçegine görä 1.5mm- 4.0mm ýogynlyk aralykda öndürülip biler.
Profil turbalarynyň standart uzynlygy 6000mm.