5.9k+

Türkmenistanyň ilçisi Tailandyň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy

10-njy fewralda Bangkok şäherinde Tailand Patyşasynyň Köşgünde (Amphorn Royal Palace) Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) M. Maşalow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ynanç hatlaryny gowşurdy...

5.4k+

Serdar Berdimuhamedow Eýrany milli baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň halkyna milli baýram — Ynkylap güni mynasybetli gutlag hatyny ýollady. Bu barada TDH habar berýär...

2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Duşuşygyň başynda myhman Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi diýip, TDH habar berýär...

13k+

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Yslamabat şäherindäki metjitde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi...

17k+

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini aýtdy: ýylyň jemleri jemlener

Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň jemleri boýunça geljek hepdede Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini habar berdi. Onda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini jemlemek, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini, şeýle hem ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişini we beýleki meseleleri gözden geçirmek meýilleşdirilýär...

1.9k+

Türkmenistanyň DIM-inde FAO bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri we meýilnamalary maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy...

6.3k+

Günorta Koreýada miras salgydy baýlary ýurtdan gitmäge mejbur edýär

Günorta Koreýa dünýä boýunça baý adamlaryň iň köp gidýän ýurtlarynyň hataryna girdi. Munuň beýle bolmagy ýurtda bölekleýin hereket edýän miras salgydy ulgamy bilen baglanyşdyrylýar. Britaniýanyň Henley & Partners konsalting kompaniýasynyň seljermesine görä, geçen ýyl koreýaly millionerleriň ýurtdan gidenleriniň sany takmynan 2400 adam boldy...

2.4k+

Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy...

2.4k+

BSGG adatdan daşary lukmançylyk kömegi üçin 1 milliard dollar gözleýär

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) 2026-njy ýylda 36 sany krizis nokadynda adatdan daşary lukmançylyk kömegini bermek üçin 1 milliard dollar bölüp bermek çagyryşy bilen dünýä jemgyýetçiligine ýüzlendi.  Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, hemaýatkärler, hususan-da Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan maliýeleşdirilmegiň azalmagy zerarly ýüze çykdy diýlip TASS-yň habarynda bellenilýär...

3.1k+

Pişikler Tailand ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde ykrar edildi

Tailandyň hökümeti pişikleri ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi diýip ykrar etdi. Bu barada Nikkei Asia neşiri N.C.C. Management & Development kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, pişikler üçin harytlar we hyzmatlar bazary 367,8 milliard bata (11,8 milliard dollar) ýetdi...

4.1k+

Türkmenistan YHG-yň mejlisinde bitaraplygyň orny baradaky kararnamanyň taslamasyny hödürledi

31-nji ýanwar — 2-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ýokary derejeli wekilleriň maslahatynyň 52-nji mejlisine gatnaşdy. Bu çäre 2026-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Bagdatda geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-yň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmegiň üçünji we iň möhüm tapgyry boldy...