FIFA we Need for Speed oýunlaryny çykaryjy 55 mlrd dollarlyk şertnamadan soň eýesini çalşar
Iň uly garaşsyz wideooýun çykaryjylaryň biri bolan Electronic Arts (EA) amerikan kompaniýasy 55 mlrd dollara maýadarlar konsorsiumynyň eline geçer. Satuw barada kompaniýanyň metbugat relizinde habar berildi. Satyn alyjylar toparyna Saud Arabystanynyň Garaşsyz gaznasy (PIF), şeýle-de Silver Lake we Affinity Partners maýa goýum gaznalary girdi...