22-nji noýabrda türkmen milli senenamasy boýunça güýz we gyş paslynyň çalşygyndaky gysga wagtlyk döwür hasaplanýan garagyş döwri ýetip geldi.
"Türkmenistan" gazetinde garagyş barada şeýle maglumatlar getirilýär: "Köp ýyllaryň tejribesine nazar aýlasaň, onda şu döwürde howanyň duýdansyz sowap, gar-ýagşyň ýeriň ýüzüni örtýän halatlary az bolmandyr. Bu ýagdaý gyş sürümini yza çekdiripdir, maldaryň ätiýaçlyk ot-çöpüniň eýýäm gyşyň başyndan azalmagyna sebäp bolupdyr. Entek öňde gyşyň örküji hasaplanýan uly çille barka, ätiýaçlyk ot-çöp azalsa halanmandyr. Çünki gazaply gyş gowşak bolsaň, ýatagyň garalybam bilýär. Şonuň üçin çarwalar tebigatda şu döwürde bolýan üýtgeşmelere nazar aýlap, gyşyň nähili geljegini kesgitläp bilipdirler. Mysal üçin, güýçli sowuk bolýan bolsa, toýnakly jandarlaryň kiçi sürüleri bir ýere jemlenip uly sürini emele getirýärler. Sütükli ýabany haýwanlaryň derisi galňaýar. Şu döwürde asmanda toýnuk gurap ýyly ýurtlara tarap uçup barýan durnalaryň gykuwlaşýan sesleri güýçli we başly-barat bolsa, onda sowuga garaşybermeli. Garynjalar hem hininiň agzyna köp gum üýşürýärler. Diýmek, ol hinini sowukdan goramak üçin çuň gazýar. Demirgazykdan gelýän gara gargalar we zakyjalar barha köpelýärler-de, gary çagyryp başlaýarlar. Olar gündizlerine maýsaly meýdanlardan iýmitlenip, agşamlaryny bolsa uly-uly daragtlaryň depesinde geçirýärler. Käbir gazaply gyşlarda bolsa olar agajyň depesinde doňup, ýere gaçýarlar. Elbetde, şeýle aýazly günler seýrek bolýar".
Ilkagşamky açyk asmanyň birdenkä bulut getirip, gar ýagyp duran pursatlary hut şu döwre mahsus häsiýetdir.
Garagyş döwri 7-nji dekabra çenli dowam edýär.