“Türkmennebit” döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgasynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler. 5-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer B.Amanowyň hödürlän degişli teklibini goldady.
Mejlisiň barşynda wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň önümçiligini has-da döwrebaplaşdyrmak, olarda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konserniň garamagyndaky zawodlary doly kuwwatynda işletmek, hususan-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin netijeli çäreler görülýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi.