Gökdepe etrabynda täze gurlan çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyşyna taýýarlyk görülýär

  • сегодня 09:48
  • 2.1k+

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi. Bu barada 5-nji sentýabrda Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bu desga bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürmäge ukyply. Bu desganyň önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary hilli enjamlary ornaşdyryldy. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary hilli ýerli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmaga, olaryň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Serdar Berdimuhamedow täze gurlan çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna hem gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.


сегодня 09:59
1.6k+

Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

5-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasary Kadzuhiko Amakawany kabul etdi. Kadzuhiko Amakawa Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy...

сегодня 09:55
1k+

Türkmenistan Stambuldaky «Halal Expo 2025» halkara sergisine milli pawilýony bilen gatnaşar

Türkmenistan şu ýylyň noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» atly halkara sergä gatnaşar. 5-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew bu halkara sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi...

сегодня 09:40
1.1k+

10-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna başlanar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň welaýatlarynda 10-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutany hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi...

сегодня 09:36
1.5k+

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçiriler

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgasynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler. 5-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer B...