Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň welaýatlarynda 10-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutany hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, Diýarymyzda bugdaý ekişi möwsümine guramaçylykly girişildi. Häzirki wagtda bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, önüm öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle hem pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, tehnikalary ýygym möwsümine taýýar etmek boýunça zerur işler ýerine ýetirildi.