Alymlar 58% çalt uklamaga kömek edýän düşekçe döretdiler

Alymlar 58% çalt uklamaga kömek edýän düşekçe döretdiler

ABŞ-nyň Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň bioinženerleri gyzyp we sowap bilýän özboluşly düşekçe we ýassyk döretdiler. Bu çalt uklamaga we ukynyň hilini ýokarlandyrmaga kömek edýär. Bu iş “Journal of Sleep Research” ylmy žurnalynda hödürlendi diýip, incrussia.ru habar berýär. 

Günüň dowamynda adamyň bedeniniň temperaturasy ýokarlanýar we peselýär, bu hem gujurlylygyň we ukuçyllygyň peýda bolmagyna laýyk gelýär. Garward lukmançylyk mekdebiniň uky lukmançylygy fakultetiniň işgäri Şahab Hagaýeg düşekçäniň bedeniň temperaturasyna duýgur içki datçikler bilen manipulirlemek arkaly uklamagy ýeňilleşdirýändigini düşündirýär. Düşekçe şol bir wagtyň özünde göwräni sowadýar we boýny, elleri we aýaklary gyzdyrýar.
Tehnologiýany synap görmek üçin alymlar 11 meýletinçini işe çekdiler. Olar düşekçäniň iki görnüşini hödürlediler: olaryň biri gyzdyrmak we sowatmak üçin suwy, beýlekisi howany ulanýar.
Barlagçylar uklamak prosesini kynlaşdyrmak üçin meýletinçilere adatdakysyndan iki sagat ir ýatmagy tabşyrdylar. Netijeler düşekçäniň gyzdyryş we sowadyş aýratynlyklarynyň ulanylmagynyň uklamagy 58% çaltlaşdyrandygyny görkezdi.
Alymlar meýletinçileriň diňe bir çalt uklaman, umuman, ukynyň hiliniň hem ýokarlanandygyny belleýärler. Munuň sebäbi arterial basyşyň peselmegi we munuň ýürek-damar ulgamyna netijeli dikelmäge mümkinçilik berýändigi bilen baglanyşyklydyr.