Genesis GV70 2022-nji ýylyň iň gowy krossoweri diýlip ykrar edildi

Genesis GV70 2022-nji ýylyň iň gowy krossoweri diýlip ykrar edildi

Täze Genesis GV70 her ýyl geçirilýän Golden Calipers baýraklarynda 2022-nji ýylyň iň gowy krossoweri diýlip saýlandy. Hünärmenleriň pikiriçe, Genesis hakykatdanam ajaýyp dinamikany we ýokary rahatlygy özünde utgaşdyrýan täze awtoulag döretmegi başardy. Bu barada carsweek.ru habar berdi.

“MotorTrend Group”-yň redaksiýa bölüminiň müdiri Ed Lo täze krossoweriň stili hem-de häzirki zaman tehnologiýasyny birleşdirip, sürüjilere rahatlyk duýgusyny nädip bermelidiginiň ajaýyp mysalydygyny aýdýar.

Genesis-den başga-da, bäsleşige ýene 34 awtoulag gatnaşdy, ýöne bu koreý awtoulagy 6 sany esasy ugurda - tygşytlylygy, ýol hereketinde howpsuzlygy, täze dizaýny, häzirki zaman tehnologiýasy, işleýşi we baha gatnaşygy boýunça ýeňiji boldy.

Genesis-de krossoweriň ykrar edilmeginiň olar üçin uly hormatdygyny bellenildi, sebäbi ony döretmek üçin köp tagallalar we serişdeler sarp edildi.