“Apple”-iň we “Samsung”-yň iň gymmat smartfonlarynyň berkligi deňeşdirildi

  • 03.02.2021 23:48
  • 26k+

EverythingApplePro YouTube kanalynyň awtorlary “Apple”-iň we “Samsung”-yň smartfonlarynyň flagman modellerini - “iPhone 12 Pro Max”-y we “Galaxy S21 Ultra”-ny deňeşdirip gördüler. Hünärmenler smartfonlaryň korpusynyň näderejede berkdigi bilen gyzyklandylar. Synagyň netijelerini ru.sm.news habar berdi.

Gadjetler üçin ilkinji synag dürli belentliklerden gaçmak boldy. Belentlik biliň derejesinden başlap, jaýlaryň ortaça beýiklikli potologynyň derejesine çenli ýetdi. Ilkinji gaçmada enjamlaryň ikisi-de çydamlylyk görkezdi. Soňky synanyşyklarda ilkinji bolup "almaly" markanyň telefony "ejizläp" başlady.
Synagyň netijesinde, “iPhone 12 Pro Max”-yň yzky paneli, beýlekiniň bolsa ekrany döwüldi. Ýöne bellemeli zat - tejribäniň awtorlary enjamlaryň gaçyş burçunyň takyklygyny yzarlamadylar. Şeýle-de bolsa, olaryň synaglary Gorilla Glass Victus aýnasynyň näderejede çydamlydygyny kesgitlemäge kömek eder.

düýn 23:18
442

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
370

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 21:10
5.1k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....