Airbus geljegiň ýolagçy uçarynyň modelini görkezdi

  • 12.02.2020 22:21
  • 5.1k+

Airbus awiagurluşyk kompaniýasy Singapurdaky salonda geljegiň innowasion laýneriniň modeli bilen tanyşdyrdy, rg.ru saýty habar berýär.
MAVERIC (Model Aircraft for Validation and Experimentation of Robust Innovative Controls) adyny alan prototipi fantastik görnüşe eýe. Ol insiz uzyn göwrümli – fýuzelýažly we uzyn ganatly döwrebap uçarlara meňzeş däl.
Bu modeliň uzynlygy iki metre, ganatlarynyň gerimi 3,2 metre barabar, bu barada kompaniýa habar berýär.
Innowasiýanyň esasy awialaýneriň birsydyrgyn akymlaryň hasabyna ganatyň üçburç konsollaryna geçip gidýän fýuzelýaža eýe bolan “garyşyk ganat” – “uçujy ganatlaryň” üýtgeşik görnüşi – aerodinamik shemasy boýunça döredilmeginden ybarat.
Şeýle konstruksiýa häzirki insiz fýuzelýažly uçarlar bilen deňeşdirilende benzin sarp edijiligini 20%-e çenli azaltmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, klassyky aerodinamiki shemalaryň uçujy apparatlary bilen deňeşdirilende, ýük göterijilik hem 15 göterim ýokarlanar.
Düzüjileriň aýtmagyna görä, täze model uçarlaryň arhitekturasyny üýtgetmekde esasy roly oýnar. Uçujy apparatyň konfigurasiýasy dolandyryşyň amatly innowasion serişdelerinden ybarat bolan kabinany we täze ýolagçy salonyny göz öňünde tutýar. Ol has uly, giň, rahat bolar.
Illýuminatorlaryň nirede ýerleşdiriljekdigi näbelli. Olar wideoekranlar bilen hem çalşyrylyp bilner.
Maveric 2017-nji ýylda işe girizildi, geçen ýylyň iýun aýynda ilkinji gezek asmana galdy. Häzir ol tomusda tamamlanmagy göz öňünde tutulýan uçuş synaglaryny geçýär.

düýn 13:57
1.7k+

Implant ysmazly syçanlaryň hereketini dikeltmäge kömek etdi

Barlagçylar adamlarda we haýwanlarda oňurga ýiliginiň şikeslerini bejermegiň täsirli usulyny döretmäge bir ädim ýakynlaşdylar. Oklend uniwersitetiniň (Täze Zelandiýa) alymlary ysmaz alakalarda hereket funksiýalaryny dikeldýän minimal inwaziw tehnologiýany işläp düzdüler...

06.07.2025 15:43
2.3k+

ABŞ-ly alymlar robotlara gutynyň içindäki predmetleri görmegi öwretdiler

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary ammar robotlaryna karton gutularyň, plastmassa gaplaryň içinde ýa-da ýuka diwarlaryň aňyrsyndaky predmetleri ýokary takyklykda kesgitlemäge mümkinçilik berýän mmNorm tehnologiýasyny döretdiler...

05.07.2025 19:13
4.3k+

Pikiriň güýji bilen dolandyrylyp bilinýän robot protez gol döredildi

Alymlar operasiýa edilmezden ýa-da gymmat enjamlary ulanmazdan pikiriň güýji  bilen dolandyrylyp bilinýän robot goly döretdiler. Täze inwaziw däl “beýni-kompýuter” interfeýsi elektrodly şlem bilen işleýär we bedene oturdylmagyny talap etmeýär...

29.06.2025 12:54
4.2k+

Singapurly alymlar "derleýän" boýag döretdiler. Ol salkyn howany saklap galýar

Singapurly alymlar yssy we çygly howa şertlerinde kondisioner üçin energiýa sarp edilişini ep-esli azaldyp bilýän innowasion ak reňkli boýag döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar. Täze boýag "derleýär" – ýagny, nemi özünde saklap, gyzanda ony buglandyrýar...