10k+

Hytaýda ogurlanan iPhone-laryň gaýtadan satylýan global merkezi tapyldy

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan ogurlanan iPhone smartfonlarynyň köpüsi ahyrynda Hytaýyň Şençžen şäherindäki bir bina gelip düşýär. Muny derňewleriň netijesinde Financial Times-yň žurnalistleri anyklady. Gürrüň Huasýanbeý sebitindäki ünsi çekmeýän Feiyang Times binasy barada gidýär...

3.2k+

«Oasis» toparynyň gaýtadan birleşmegi bilen bagly konsert sapary üçin muşdaklar 1 milliard funtdan köp pul harçlar

«Oasis» britan toparynyň gaýtadan birleşendigi baradaky habara begenen muşdaklar şu tomus Beýik Britaniýada geçiriljek 17 konserti görmek üçin 1,06 milliard funt sterling harçlamaga taýýar. «Barclays» maliýe konglomeraty tarapyndan geçirilen gözlegiň netijesine görä, bu konsertlere 1,4 million adam gatnaşar we her bir muşdak, ortaça, 766 funt sarp eder...

15k+

Aleksandr Makedonski döwründen galan moda: çaganyň 2300 ýaşly altyn ýüzügi tapyldy

Ierusalimiň iň gadymy ilatly etraby bolan Dawidiň şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda ysraýylly arheologlar goýy gyzyl daşly kiçijik altyn ýüzügi tapdylar. Hünärmenleriň bellemegine görä, tapyndy irki ellinçilik döwrüne degişlidir, ýagny takmynan 2300 ýyl ozal, sebiti miladydan öňki 332-nji ýylda Aleksandr Makedonskiý basyp alyp yzýany döredilipdir...

1.2k+

Kwentin Tarantino öz filmleri hakdaky kitaplaryň döredilişine gatnaşar

Kwentin Tarantino we žurnalist Jeý Glenni režissýoryň meşhur filmleriniň döreýşi bilen baglanyşykly birnäçe kitap taýýarlaýarlar. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, Tarantino olara giriş sözlerini ýazar. Tapgyryň ilkinji kitaby "The Making of Quentin Tarantinoʼs Once Upon a Time… in Hollywood" diýlip atlandyrylar...

3.1k+

Netflix «Clash of Clans» boýunça multserial çykarar

«Netflix» striming hyzmaty «Clash of Clans» mobil oýny boýunça animasion serial dörediljekdigini mälim etdi. «Variety» neşiriniň bellemegine görä, taslamanyň üstünde işlejek topar hem-de premýeranyň senesi entek belli däl...

1.2k+

GPT-4 emeli aňy onlaýn çekişmelerde adamlaryň 64%-inden has ynandyryjy bolup çykdy

GPT-4 neýrotory onlaýn çekişmelerde, aýratyn-da, garşydaşyň şahsy maglumatlary ulanylanda adamlaryň özündenem has ynandyryjy bolup çykdy. Şweýsariýanyň Lozanna şäherindäki Federal politehniki mekdebiň mugallymy Robert Uestiň ýolbaşçylygynda, şweýsariýaly, italiýaly we amerikaly alymlar topary şeýle netijä geldiler...

1.4k+

Microsoft ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin Discovery EA platformasyny işe girizdi

Build 2025 konferensiýasynda Microsoft korporasiýasy emeli aňyň kömegi bilen ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin döredilen Discovery platformasyny hödürledi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, täze ulgam maglumatlary seljermekden we çaklamalary öňe sürmekden başlap, tejribeleri modelirlemäge we netijeleri gaýtadan işlemäge çenli ylmy gözlegiň ähli tapgyrlarynda kömek eder...

5.8k+

Kanadada dinozawrlaryň heläk bolan ýerinden 8 müň süňk tapyldy

Kanadanyň Alberta welaýatynda paleontologlar pahirinozawrlaryň 8 müňden gowrak süňküni tapdy. Bu burnunda süňk ösüntgisi bolan we uly göwresi bilen tapawutlanýan ot iýýän dinozawrlardyr. Tapyndy, takmynan, 72 ýyl mundan ozal tutuş bir dinozawrlar sürüsiniň heläk bolandygyny görkezýär diýip, Interesting Engineering habar berýär...

10k+

Ankara bilen Eskişehiriň arasyndaky ýolda ilkinji aýdym-saz ýoly peýda boldy

Türkiýede ilkinji aýdym-saz ýoly açyldy. Ol Ankara bilen Eskişehiriň arasyndaky awtoulag ýolunda ýerleşýär. Bu ýol böleginiň üstünden bellibir tizlik bilen hereket edilende, awtomobiliň tigirleri Wolfgang Amadeý Mosartyň “Türk marşy” (Rondo alla turca) sazyny “çalyp başlaýar”...

7.4k+

Gazagystana Merkezi Aziýada ilkinji superkompýuter getirildi

Gazagystana öndürijiligi, takmynan, 2 ekzaflops bolan sebitiň taryhynda ilkinji superkompýuter klasteri getirildi. Bu barada respublikanyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

4.3k+

Google sesli wideo döredýän ilkinji EA modelini – Veo 3-i hödürledi

Sessiz EA wideolarynyň uzak bolmadyk taryhy soňlandy. I/O 2025 konferensiýasynda Google tekst arkaly sesli wideo döredýän generatiw emeli aňyň ilkinji wersiýasyny – Veo 3 modelini hödürledi. Beýleki çözgütlerden tapawutlylykda, model ses döretmek üçin goşmaça görkezmeleriň bolmagyny talap etmeýär: ol kadrlary seljerip, sesi awtomatik saýlaýar...

12k+

Hytaýda sürüjisiz samoswallaryň giden bir tapgyry ulanyşa berildi

Hytaýda 100 sany uly awtonom Huaneng Ruichi samoswal ulagy işe girizildi. Bular dünýäde emeli aň tehnologiýasyny ulanýan ilkinji açyk görnüşli elektrik awtoulaglarydyr. Olarda sürüjiniň kabinasy asla ýok we 90 metriki tonna çenli ýük daşamaga ukyply...

11k+

ABŞ-da telefona garaşlylyga garşy göreşmek üçin ýalan smartfonlar satylyp başlandy

Metaphone amerikan startapy daşky görnüşi boýunça telefona meňzeýän akril plitkasyny satuwa çykardy. Bu “gajet” nomofobiýa – telefonsyz galmak gorkusy bilen göreşmek üçin döredildi we onuň bahasy 20 dollar. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, ol dumskrollingden – habarlar lentasyny ýa-da sosial ulgamlary yzygiderli dörmek endiginden saplanmaga kömek edýär...

3.1k+

“Ol: Derrä hoş geldiňiz” serialynyň ilkinji treýleri peýda boldy

HBO Max “Ol: Derrä hoş geldiňiz” (Оно: Добро пожаловать в Дерри) serialynyň – “Ol” filminiň prikweliniň ilkinji tizer-treýlerini hödürledi. Onuň premýerasynyň güýzde bolmagyna garaşylýar. Serialyň wakalary režissýor Endi Muskettiniň Stiwen Kingiň romanyna esaslanan filmlerindäki wakalardan 27 ýyl öň bolup geçýär...

7.3k+

Ak-gara tebigat: Monochrome Photography Awards bäsleşinden çap bolmadyk suratlar

Monochrome Photography Awards bäsleşiginiň guramaçylary ýaryşyň täze möwsümine gatnaşjaklaryň arzalaryny kabul edip başladylar. Isleg bildirýänler öz işini 2025-nji ýylyň 6-njy iýulyna çenli tabşyryp biler. Şu mynasybetli bäsleşigi guraýjylar ýabany tebigata bagyşlanan ozal çap edilmedik ak-gara suratlary çap etdiler...