«Günde bir raketa»: SpaceX täze gurnama sehi GigaBay-iň gurluşygyna başlar

  • 26.01.2025 16:04
  • 2.2k+

Ilon Maskyň eýeçiligindäki SpaceX kosmos kompaniýasy ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Kanaweral burnunda ýerleşýän täze Starship gurnama sehiniň gurluşygyna şu ýylyň aprel aýynda başlar we 2026-njy ýylyň awgust aýyna çenli tamamlar. Bu barada ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasyna (FAA) salgylanyp, amerikan Benzinga agentligi habar berýär.

GigaBay diýlip atlandyrylýan bu gurnama sehiniň gurluşygyna şu ýylyň aprel aýynda başlanar. Täze sehiň gurluşygy, öňden bar bolan üç angaryň (Highbay, Megabay we Megabay 2) hataryna goşular. Şeýle hem, bu täze sehiň Starship transport ulgamynyň böleklerini bir ýerde ýygnamak we dolulygyna birikdirmek üçin niýetlenen toplum bolmagy göz öňünde tutulýar. Bu ähli iş tapgyrlaryny bir ýerde jemläp, Starship kosmos gämileriniň taýýarlanyş prosesini has çalt we netijeli etmäge mümkinçilik döreder.
GigaBay-iň beýikligi 116 metr bolar.
Täze angaryň gurluşygy Starship kosmos gämilerini we Super Heavy raketalaryny köpçülikleýin öndürmäge mümkinçilik döreder. Bu bolsa geljekde SpaceX-iň her günde bir Starship öndürmek baradaky uly maksadyna ýetmäge kömek eder.


şu gün 10:53
939

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....