Hytaýda rak keseliniň gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin nanowaksina öndürildi

  • 30.12.2024 23:06
  • 6.8k+

Hytaýly alymlar rak keseliniň gaýtalanmagynyň öňüni alyp biljek synag nanowkasinasyny hödürlediler. Dermanyň netijeliligi haýwanlarda geçirilen laboratoriýa synaglarynda tassyklandy diýip, Phys.org ýazýar.

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Nano ylymlar we tehnologiýa milli merkeziniň hünärmenleri barlagyň netijelerini Cell Reports Medicine ylmy žurnalynda paýlaşdylar.
Sanjym hassanyň çiş öýjükleriniň membranalaryndan bölünen antigenlere esaslanýar. Derman immun ulgamyna rak öýjüklerini tanamaga we ýok etmäge itergi berýär, olaryň täzeden döremegine we metastazlaryň ösmegine päsgel berýär.
Usulyň aýratynlygy çiş membranalarynyň operasiýadan owal nanoformulirlenen liposomal doksorubisin (NP-Dox) bilen öňünden bejerilmegidir. Syçanlarda geçirilen synaglaryň görkezişi ýaly, öýjükleriň immunogen häsiýetlerini güýçlendirýär: keseliň gaýtalanmasy ep-esli azaldy.
Alymlar bu usuly kliniki tejribä girizmek üçin goşmaça barlaglary geçirmegi  meýilleşdirýärler.
Şonuň bilen birlikde, beýleki ýurtlar hem rak keseline garşy sanjymlary barlaýarlar. Mysal üçin, Angliýada Milli Saglyk Gullugy hassalaryň gatnaşmagynda kliniki synaglara başlady. Awgust aýynda öýkeniň rak keseli bolan 67 ýaşly iňlis adamy Londonda ilkinji sanjymy aldy. Hünärmenleriň sözlerine görä, bu derman galyndy çiş öýjüklerini ýok edip, keseliň gaýtalanmagynyň öňüni alýar. The Guardian gazetiniň habar bermegine görä, adamda sanjymyň birinji fazasynyň kliniki synaglary ýedi ýurtda – Beýik Britaniýa, ABŞ, Germaniýa, Wengriýa, Polşa, Ispaniýa we Türkiýe ýaly ýurtlaryň 34 barlag meýdançasynda geçirilýär.


düýn 17:46
1.9k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
3.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.9k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5.1k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......