BSGG çagalaryň smartfonlary bilen çilimkeşlige garşy göreş ýaly göreşmäge çagyrdy

  • 04.10.2024 22:07
  • 5.2k+

BSGG-niň saglygy goraýyş syýasaty we ulgamlary bölüminiň müdiri Nataşa Azzopardi-Muskat çagalaryň arasynda smartfonlaryň ulanylyşyny kadalaşdyrmak barada pikirlenmäge çagyrdy. Sanly gurluşlary ulanmak endigi bilen temmäki önümlerine garşy göreşilişi ýaly göreşmek gerek diýip, ol “Politico” neşirine beren interwýusynda aýtdy diýip, RBK habar berýär.

Onuň belleýşi ýaly, şeýle çäreler sosial ulgamlaryň we onlaýn oýunlaryň ýaşlaryň psihiki saglygyna ýetirýän ýaramaz täsiri bilen göreşmäge kömek eder. Azzopardi-Muskatyň aýtmagyna görä, çagalara we ýetginjeklere “olaryň sanly dünýäni dolandyrmagy we sanly dünýäniň özlerini dolandyrmaga mümkinçilik bermezligi üçin” dogry bilim bermeli.
Şeýle-de, Azzopardi-Muskat çilimkeşlige garşy göreşde ulanylýan ýaş çäklendirmelerini we baha gözegçiligini girizmegi teklip etdi. Ol çagalara we ýetginjeklere garaşlylygyň öňüni almak üçin öz sanly gurşawyny dolandyrmagy öwretmegiň möhümdigini belledi.
BSGG-niň sentýabr aýynda geçiren derňewlerine görä, Internet torunda özüni alyp barşy meseleli we garaşly ýaly bolan ýetginjekleriň sany artýar. Ýewropadan, Merkezi Aziýadan we Kanadadan 280 müň çagany öz içine alan pikir soraşma gyzlaryň 13%-iniň we oglanlaryň 9%-iniň sosial ulgamlaryň ulanylyşyny dolandyrmakda kynçylyk çekýändigini görkezdi. Mundan başga-da, ýetginjekleriň 12%-i oýna “baglanan” bolup çykdy, aýratynam, oglanlar bu ýagdaýa iki esse köp sezewar bolýarlar.
Öň, Ýewrokomissiýa hem bu meselä ünsi çekdi. 2024-nji ýylyň tomsunda onuň başlygy Ursula fon der Lýaýen sosial ulgamlaryň ýaşlara ýetirýän täsiri boýunça umumyýewropa derňewiniň geçiriljekdigini aýtdy.


26.06.2026 11:31
3.7k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......