Aýda nädip bina galdyrmaly? Alymlar Aý tozanyndan mikrotolkunda bişirip kerpiç ýasamagy oýlap tapdylar

  • 17.07.2024 15:28
  • 8.8k+

Koreýaly alymlar mikrotolkun sintezini ulanyp, Aýyň topragyndan kerpiç ýasamanyň innowasion usulyny oýlap tapdylar diýip, New Atlas ýazýar.

Journal of Building Engineering žurnalynda beýan edilen täze tehnologiýa Aýyň regolitini wakuumda 8 sagatlap 250°C-a çenli gyzdyrmakdan ybarat, şondan soň material sintez etmek üçin aerokosmiki klasly köp režimli mikrotolkunly peçe ýerleşdirilýär. Peçde regolit 10 minutlap 1080° C-a çenli gyzdyrylýar we soňra bolsa otag temperaturasynda sowadylýar. Netijede içi jaýryksyz berk kerpiç emele gelýär.
Mikrotolkunda sintez etmek usulynyň artykmaçlygy onuň tizliginde, energiýa tygşytlylygynda we başga maddalary goşmagyň zerurlygynyň ýoklugyndadyr. Synaglar bu görnüşde öndürilen kerpiçleriň birmeňzeş dykyzdygyny, endigan öýjük-öýjükdigini we gysylanda berkdigini görkezdi.
Bu tehnologiýa Aýda gurluşyk üçin täze mümkinçilikleri açýar, sebäbi gurluşyk materiallaryny Ýerden daşamagyň zerurlygy bolmazdan, gönüden-göni ýerinde öndürmäge mümkinçilik berýär. Geljekde bu kosmosy özleşdirmek üçin zerur Aý bazalaryny we desgalaryny gurmaga mümkinçilik berer.


düýn 20:00
758

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 19:54
975

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

düýn 17:07
579

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......