Täze enjam çöllük ýerlerde gury howadan suw ýygnap biler

  • 29.06.2024 23:36
  • 8.4k+

ABŞ-nyň we Germaniýanyň alymlary gurak sebitlerde howadan agyz suwuny alyp biljek materialy işläp taýýarladylar. Barlagçylar bu oýlap tapyş barada ACS Energy Letters žurnalynda habar berdiler.

Täze material seolite we mise esaslanyp döredilen, ol atmosferadaky suw buglaryny özüne netijeli siňdirýär;
“Gapyrgalardan” we sintetiki seolitden ýasalan ýörite gurluşyň esasynda enjam degişlilikde howanyň çyglylygy 30% bolanda günde 1 litr sorujy gatlaga 1,3 litr suw ýygnap biler. Bu şuňa meňzeş beýleki enjamlaryň ýygnaýan suwuna garanda bäş esse köpdür.
Alymlaryň bu oýlap tapyşy gurak sebitlerde suw ýetmezçiligine garşy göreşde hakyky üstünlik bolup biler. Fizikler Ýeriň atmosferasynda bug görnüşinde trillionlarça litr süýji suwuň bardygyny aýdýarlar. Gazy ýygnamak gaty kyn, şonuň üçin täze ösüşiň mümkinçiligi uly hasaplanýar.
Barlagçylar tehnologiýany hasam kämilleşdirmegi, binalar we ulag serişdeleri ýaly dürli ulgamlara ornaşdyrmagy meýilleşdirýärler.


düýn 20:00
758

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 19:44
451

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

düýn 17:07
579

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......