Hindi alymlary tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek üçin dron toparlaryny ulanmagy teklip etdiler

  • 25.03.2024 06:21
  • 14k+

Hindi Ylym Institutynyň gözlegçileri bir logiki tora birikdirilen dronlary ulanmagyň täze ulgamyny döretdiler. Bu ulgam dürli tebigy betbagtçylyklara, hususan-da, tokaý ýangynlaryna garşy göreşmekde ulanylyp bilner diýip, Techxplore ýazýar.

Toparda hereket edýän dronlar biri-biri bilen “aragatnaşyk saklar” we howply ýerleriň temperaturasyna howadan gözegçilik eder. Bu ýangynyň ýaýramagynyň öňüniň, adamlara başardyşyna garanda, has netijeli alynmagyna mümkinçilik berer.
Toparyň karar beriş prosesi merkezleşdirilmedik we bellenen tabşyryklary ýerine ýetirmekde iň ýokary netijäni gazanmaklyga gönükdirilýär. Dronlardaky köp sanly datçikler zerur maglumatlary çalt ýygnamaga mümkinçilik berýär, soňra bolsa olar emeli aň tarapyndan işlenilýär.
Geljekde ykjam ýangyç guýuş we zarýad beriş stansiýalary hökmünde ulanyljak bu ulgamyň çäginde dronlary we ýerüsti pilotsyz ulaglary birleşdirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle-de bolsa, bu ulgam entek meýdan synagyndan geçirilmedi. Dronlaryň az ýük göterijiligi we tutuş ulgamyň gymmat düşýänligi sebäpli taslama birnäçe kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolar diýlip garaşylýar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....