Alymlar global betbagtçylyklary öwrenmek üçin Ýeriň sanly nusgasyny döretdiler

  • 06.03.2024 18:26
  • 9.7k+

Italiýanyň Milli gözleg geňeşiniň alymlary global betbagtçylyklary öwrenmek we çaklamak üçin Ýeriň sanly modelini döretdiler. Ol dürli tebigy betbagtçylyklaryň netijelerine olar heniz bolup geçmezden öň baha bermäge mümkinçilik berer. Gözleg “Frontiers in Science” (FIS) ylmy žurnalynda neşir edildi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Hünärmenler planetanyň wirtual nusgasynyň kömegi bilen dürli kataklizmleriň iň gowy we iň erbet ssenariýalaryny görmek üçin täze maglumatlary girizip bilerler – mysal üçin, süýşgün döredip, onuň bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri we ýagdaýlary yzarlap bilerler.
Alymlar planetanyň “sanly ekiz taýynyň” üstünde işlän wagtlary Ýere köp sanly gözegçilikleriň dowamynda alnan hemra maglumatlaryny ulandylar. Soňra maglumatlar bazasyna topragyň çyglylygyny, ygallary, garyň çuňlugyny, bugarmagy we derýa akymyny ölçemegiň netijelerini goşdular.
Modeli döredijiler ulgamyň örän çylşyrymlydygyny we onuň heniz kämilleşdirilmelidigini bellediler. Gözlegçiler bu meseläni emeli aňyň kömegi bilen çözmegi göz öňünde tutýarlar. Şeýle-de, neýroulgamlaryň ornaşdyrylmagy wagt tygşytlamaga kömek etmek bilen, işläp düzüjilere beýleki meseleli obýektlere ünsi jemlemäge mümkinçilik berer.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....