Aşgabat we Arkadag şäherleriniň arasynda Türkmenistanda ilkinji elektrik otly hereket eder

  • 31.01.2024 13:16
  • 32k+

Russiýanyň "RŽD" APJ Aşgabat-Arkadag ugry boýunça täze demir ýol ugruny döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşar. Bu ugur boýunça sebitleýin ýolagçy ekspress otlusy gatnaw eder. Diňe elektrik togunda işlejek otly bu aralygy bary-ýogy 18 minutda geçer diýip, Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmek meselelerini rus kompaniýasynyň wekiliýeti "Türkmendemirýollary" agentliginiň wekilleri bilen maslahatlaşdylar.
Taraplar şeýle hem "Demirgazyk-Günorta" halkara demir ýol geçelgesi boýunça ýük daşamalary ilerletmek boýunça gepleşikleri geçirdiler, şeýle hem Gyzylarbat şäherinde wagon abatlaýyş zawodynyň durkuny täzelemek hakynda ylalaşdylar.
Beýleki meýilnamalaryň hatarynda - bitewi logistika operatoryny döretmek, Türkmenistanda "RŽD-niň" wekilhanasyny açmak meseleleri bar.
Şeýle hem türkmen demirýolçylaryny RŽD-niň Korporatiw uniwersitetinde okatmak mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça "RŽD Logistika" PJ bilen "Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi" APJ-nyň arasyndaky Ähtnama goşmaça Ylalaşyga, şeýle hem "RŽD Interneşnl" bilen "Demirýollary" AGPJ-nyň arasynda degişli resminamalara gol çekildi.
Aşgabatdan Arkadaga çenli aralygy (30 km) otlynyň näçe tizlik bilen geçip biljekdigi barada TmCars baryp geçen ýylyň maý aýynda habar beripdi.

Şeýle hem biz RŽD-niň wekiliýeti üçin Arkadag şäherine we "Sarahs" stansiýasyna saparlaryň guralandygyny habar beripdik.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......