Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutladylar

  • 06.12.2023 07:58
  • 6.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

“Siziň baştutanlygyňyzda Gyrgyz Respublikasynyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki ugurlarda uly üstünlikleri gazanandygyny bellemek guwandyryjydyr. Häzirki döwürde ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar çalt depginde ösýär we täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Döwletara hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge Siziň aýratyn üns berýändigiňiz we ägirt uly goşant goşýandygyňyz üçin minnetdarlygymy bildirýärin” diýlip, Serdar Berdimuhamedowyň gutlag hatynda bellenilýär.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara aýratyn üns berilýändigini belläp, onuň geljekde-de halklarymyzyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......