Serdar Berdimuhamedow telekeçileriň sergisine baryp gördi we olar bilen gürrüňdeş boldy

  • 19.03.2023 01:08
  • 16k+

18-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanyp, geçirilen sergä baryp gördi. Türkmenistanyň Prezidenti Söwda-senagat edarasynda geçirilen sergide ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Sergide görkezilýän dürli önümler barada wise-premýer B.Atdaýew hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler.
Serdar Berdimuhamedow sergi bilen tanyşlygyň dowamynda “Täze aý”,  “Hasar”, “Bal şeker”, “Duýgy”, “Doganlar ýyldyzy”, “Ak gar” haryt nyşanly süýji-köke öndürýän telekeçileriň görkezýän önümleriniň görnüşleri bilen gyzyklandy.
Serdar Berdimuhamedow “Ak gar” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen gürrüňdeş bolup, telekeçi tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşleri, hili hem-de azyk harytlarynyň ýokumlylyk derejesi bilen gyzyklandy.
Şeýle hem döwlet Baştutany «Tut» söwda nyşanly içgileri öndürýän kärhananyň hünärmeni bilen gürrüňdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri önümçilige ornaşdyrýan  täzeçil usullar we suwlaryň hil hem-de ýokumlylyk derejesi bilen gyzyklandy.
“Ter önüm” hojalyk jemgyýetiniň wekili ýetişdirilen gök we miwe önümleriň söwdasy, olaryň ýerleşýän ýerleri, şeýle hem öndürýän önümleriň mukdary we olaryň bahalary bilen baglanyşykly maglumatlar barada  bu ýerde oturdylan monitorda görkezilýän şekilleriň üsti bilen gürrüň berdi.
“Gujurly bilim merkezi” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň bilim ulgamynda zerur bolan edebiýatlaryň üpjün edilmeginde, olaryň köpugurlylygyna möhüm ähmiýet berýärler. Bu bolsa ýaşlaryň daşary ýurt dillerini işjeň öwrenmegine giň ýol açýar.
Döwlet Baştutany merkeziň alyp barýan işi bilen tanşyp, edebiýatlaryň çap ediliş usullary, olaryň dizaýny bilen tanyşdy.
Serdar Berdimuhamedow dokma önümçiliginde işjeňlik görkezýän telekeçi zenan bilen gürrüňdeş bolup, onuň alyp barýan ileri, taýýarlaýan dokma önümleriniň görnüşleri we türkmen zenanlarynyň el hünäriniň häzirki döwürde ösdürilişi bilen gyzyklandy.
Serginiň ýene bir bölümi toý hyzmatlary bilen meşgullanýan telekeçileriň alyp barýan işleri baradaky maglumatlardan ybarat boldy. Aýratyn-da bu ýerde ýurdumyzda hereket edýän toý mekanlarynda taýýarlanýan tagamlaryň görnüşleri sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.


düýn 22:55
235

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......