Türkmenistan we Owganystan halkara üstaşyr optiki-süýümli ulgamlary işe girizdiler

  • 15.01.2021 12:37
  • 6.7k+

14-nji ýanwarda Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan Yslam Respublikasy) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny we  üstaşyr akymlary işe goýbermek dabarasy geçirildi.

Bu taslama Türkmenistandan Owganystana uzalyp gidýän optiki-süýümli ulgamlaryň ilkinjisi däldir, ikitaraplaýyn ylalaşyga laýyklykda, ozal Akina-Turgundy ulgamy birikdirildi.
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hem-de Owganystanyň aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň, şeýle hem “Afghan Wireless” kommunikasiýa kompaniýasynyň arasynda baglaşylan Ähtnama we şertnama laýyklykda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurnamagyň barşynda zerur bolan kommunikasiýa enjamlary oturdyldy.
Şeýlelikde, Mary-Serhetabat aralykda 40 Gbit/sek trafikli DWDM enjamy oturdyldy. Serhetabatdan Turgunda çenli optiki süýümli kabeliň 8 kilometri çekildi hem-de 100 Gbit/sek trafikli enjam oturdyldy.
Ymamnazardan Akina çenli optiki-süýümli aragatnaşygyň 3 kilometri çekildi, Kerki-Akina böleginde bolsa, 100 Gbit/sek trafikli kommunikasiýa enjamy gurnaldy.
Bu taslamalar DWDM (Dense Wavelength Division Multiplexing-tolkunlaryň uzynlygy boýunça dykyz bölünme) tehnologiýasynyň—halkara üstaşyr we ýerli akymlary geçirmek üçin köp ýaýlymly optiki ulgamlaryň binýadynda amala aşyryldy.
Täze halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulgam trafigini artdyrmaga, onuň Owganystana we Pakistana iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik peýda bolar. Bu şeýle hem maglumatlary ibermegiň tizligini artdyrmaga hem-de Türkmenistanyň we OYR-nyň arasyndaky ygtybarly kommunikasiýa aragatnaşygy kepillendirmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, täze ulgamlar Ýewropa, Aziýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky maglumat akymynyň tizligini 100 Gbit/sek çenli, geljekde bolsa 6 Tbit/sek çenli artdyrmaga ýardam eder.
Halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda esasy maglumatlar “köprüsiniň” wezipesini ýerine ýetirer, geljekde bolsa, bu trafigiň esasy bölegini öz üstüne alar.

düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.2k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......