Великобританию назвали самой пострадавшей от коронавируса развитой страной

  • 29.08.2020 14:39
  • 15k+

Beýik Britaniýa koronawirus pandemiýasyndan iň köp zyýan çeken ösen ykdysadyýetli ýurt diýlip atlandyryldy, şeýle maglumatlary Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (YHÖG) getirýär. Bu barada BBC News telekanalyna salgylanmak bilen lenta.ru habar berýär.

Beýik Britaniýa gözegçilikleriň tutuş taryhynda iň uly pese gaçyşy başdan geçirdi, jemi içerki önümiň ösüş depgini şu ýylyň ikinji çärýeginde 20,4% pese gaçdy. YHÖG-niň 37 ýurdunyň ykdysadyýeti, umumy alanyňda, geçen üç aýa degişlilikde 9,8 göterim peseldi, bu öz gezeginde gözegçiligiň tutuş taryhynyň içinde iň uly pese gaçyş boldy.
Görkezijiler koronawirus ýaýrawyny saklamak üçin girizilen çäklendirmeleriň esasynda pese gaçdy. Bu pese gaçyş 2009-njy ýylyň birinji çärýegine, ýagny JIÖ-iň dünýä maliýe çökgünligi sebäpli 2,3 göterim pese düşen wagtyna garanda ep-esli boldy. 1961-nji ýylda döredilen YHÖG 37 sany güýçli ösen döwletleri öz içine alýan dünýäniň öňdebaryjy ykdysady guramalarynyň biri bolup durýar.
Beýik Britaniýanyň döwlet karzynyň möçberi iýulda tutuş taryhyň içinde birinji gezek iki trillion funt sterlingden (2,6 trillion dollardan gowrak) geçdi. Angliýanyň Bankynyň çaklamasy boýunça, JIÖ şu ýylda 14 göterim pese gaçar we bu 1706-njy ýyldan bäri iň ýaramaz görkeziji bolar. Şeýle-de, işsizlik derejesiniň 4-den 9 göterime çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.
Mundan başga-da, güýçli pese gaçyş iň berk karantin çäreleriniň hereket eden ýeri bolan Fransiýada hem bellige alyndy, JIÖ 13,8 göterim kemeldi (ýanwar-mart aýlarynyň jemi boýunça pese gaçyş 5,9%-e barabar bolandan soň). Italiýada pese gaçyş birinji çärýekde 5,4%-e we ikinjide 12,4%-e barabar boldy, Germaniýada degişlilikde 2% we 9,7% boldy. Çäklendirmeleriň, esasan, martyň ahyryndan hereket edip başlan ýeri bolan ABŞ-da JIÖ 9,5% peseldi, birinji çärýekde ol 1,3%-e barabar bolupdy. Kanadada görkeziji 12% peseldi (ýanwar-martda minus 2,1%). Çäklendirmeleriň gowşak ýeri bolan Ýaponiýada pese gaçyş az bildirdi – minus 7,8% (birinji çärýekde minus 0,6%).

вчера 19:01
953

В Ашхабаде обсудили стратегию развития цифровой торговли и электронной коммерции

11 и 12 мая в Ашхабаде прошли два семинара Международного торгового центра (МТЦ), посвященные регулированию цифровой торговли и электронной коммерции....

вчера 18:54
3.1k+

Nvidia первой в истории достигла капитализации в $5,5 трлн

Компания Nvidia стала первой публичной компанией в истории, чья рыночная капитализация превысила $5,5 трлн....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Мировые цены на медь стремительно растут из-за перебоев с поставками

​Стоимость меди на мировых рынках превысила отметку в $14 000 за тонну, вплотную приблизившись к историческому максимуму....

13.05.2026 22:49
5.3k+

Нарендра Моди призвал индийцев отказаться от покупки золота на один год

​Премьер-министр Индии Нарендра Моди обратился к нации с призывом воздержаться от покупки золота в течение как минимум одного года. Данная мера, по мнению главы правительства, необходима для сокращения......