logo
Ýakymly çörek önümleri

Düşündiriş

"Ýakymly çörek" önümleri - Bizde birnäçe görnüşde çörek we çörek önümleri hem-de konditer önümleri öndürilýär.

Hili taýdan arassa konditer önümlerimiz dünýäniň ösen tehnologiýalarynyñ ornaşdyrylmagy bilen öz işine ussat hünärmenler tarapyndan taýýarlanyp gyzgyny bilen halkymyza hödürlenýär.

Bizde kruassanyň we smidiň ona golay görnüşi, mele-myssyk Türkmen çöreklerimiziň we dünýä ýüzüniň käbir çörek önümleriniň birnäçe görnüşleri şeylede köp sanly bulka önümleri öndürilýär.

Ýokary hilli Gazak unyndan taýýarlanýan bu önümlerimiz bahasynyñ amatlylygy bilen şeýle-de ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

«Ýakymly» çörek önümleri dükany şäher içindäki isleg bildirýän söwda nokatlaryna öz önümlerini eltip berip hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny mälim edýär.

Ýokary hilli bugdaý unundan edilýän bu önümleriň önümçiligi awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Önümiň hiline berk gözegçilik edilýär.

«Ýakymly» çörek we çörek önümleri dükany şeýle hem sargytlar boýunça toý-sadakalary üçin önümleri taýýarlap berýär.

Eltip bermek hyzmaty bar.

Dükan her gün sagat 07:00-dan 23:00-a çenli hereket edýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Ýerewan köçesi, «ÝAKYMLY çörek önümleri»