logo

Düşündiriş

   

AWTOÝOLY H.J - 2001-nji ýylda esaslandyrylýan “Awtoýoly” hojalyk jemgyýetiniň esasy ugry dürli görnüşli awtoulaglaryň sarp ediş serişdeleriniň söwdasyny lomaý  we bölekleýin satuwy amala aşyrmak we olara degişli hyzmatlary bermekden ybarat. Türkmenistanyň çäginde Awtoýoly hojalyk jemgyýeti öz pudagynda bölekleýin satuwy we hilli ekspres hyzmatynda öňdebaryjy ýeri eýeleýär. Hojalyk jemgyýetine degişli söwda nokatlarynda şol işleri amala aşyrmak üçin, häzirki wagtda 250-den gowurak dürli ýöriteleşdirilen hünarli işgär işleýär. Hyzmat nokatlarymyzda müşderilerimize hilli we amatly hyzmat bermek üçin, häzirki zaman inowasiýon tilsimatlar we enjamlar ulanylýar. Muňa mysal edip, Tunel awtoýuwalga, 3D razwal sazlama enjamlary, awtokondisioner frion täzeleme köp funksiýaly enjamlary, ulaglara ýag guýma kalonkalary we ş.m. bir näçe tilsimatlary görkezmek bolar. Kompaniýa bir näçe ýyldan bäri awtoulag pudagynda dünyäde öňdebaryjy ýerleri eýeleýän Michelin, Toyo, Hankook, Laufenn, Westlake, Apollo, Varta, Ýigitakü, Fil filter, Mobil, Rowe, Corghi we ş.m. brendlary öndürýän öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk edip, Türkmenistanda wekilçilik edýär.

Biziň maksadymyz – ýurdumyzda awtoulag hyzmatlary pudagynda iň ynamdar, tehnologik taýdan ösen we müşderi kanagatlanmasyna esaslanýan marka hökmünde öňdebaryjy orny eýelemek.

Biz müşderi kanagatlanmasyny, hyzmatlaryň hilini we işgärlerimiziň hünär derejesini hemişe ýokarlandyrmak arkaly, halkara derejesindäki standartlara laýyk hyzmat merkezleriniň ulgamyny döretmegi maksat edinýäris.

25-ýyl Hyzmat

20-sany awtohyzmatlar we söwda merkezleri

250-den gowrak işgär       

6-hyzmat taraplarymyz:

  • Awtoýuwalga
  • 3D razwal sazlama
  • Ulag ýag-filter çalyşma
  • Akkumulýator kepilligi we hyzmaty
  • Teker dakma we abatlama hyzmaty
  • Awtokondisioner frion täzeleme hyzmaty
  • Awtoulag abatlama we bejeris