logo
CAT & SEM – “Zeppelin Turkmenistan JV”

Düşündiriş

Zeppelin Turkmenistan JV hojalyk jemgyýeti «Сaterpillar» kompaniýasynyň we «SEM» brendiniň Türkmenistanyň çägindäki resmi dileri bolmak bilen, ýörite tehnikalaryň köpdürli görnüşlerini hödürleýär.

Kompaniýamyzyň hödürleýän giň önümler toplumynyň üsti bilen Müşderilerimiz islendik kynçylykly meseleleri — gurluşyk işlerinden başlap desgalaryň energiýa üpjünçiligine çenli — üstünlikli çözýärler.

Zeppelin Türkmenistanda  20 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär we senagat pudagyna täze ugurlar, innowasion tehnologiýalar hem-de hyzmat we tehniki goldaw babatda ýokary pudak standartlaryny alyp barýar:

Öňdebaryjy gurluşyk tehnikasy;

Takyk diagnostika we remont

Ätiýaçlandyryş  şaýlary (zapas şaýlary)

Operatorlaryň taýýarlygy (operatorlar üçin treningler/sapaklar)

Biznes üçin dünýä derejesindäki kepillik- Caterpillar çäksiz mümkinçiligi 12 aýlyk standart zawod kepilligi moto sagat çäklendirmesi bolamzdandan berilýär. Siziň tehnikaňyz 24/7 sagatda işläp biler – biz onuň durnuklylygyna kepil berýaris.

SEM hiliň Altyn standarty – SEM brendiniň tehnikasy 12 aý ýa-da 2000 moto sagat kepillik bilen goralýar. Bu Caterpillar korporasiýasynyň hödürleýän amatly çözgüdi bolup, işe başlan pursatyňyzdan siziň tehnikalar parkyňyzyň ygtybarly goldawyny we ýokary öndürjiligini üpjin edýär.

Zeppelin Turkmenistan tarapyndan getirilýän ähli enjamlar diňe original zapas şaýlary bilen we ýokary okuwly hünärmenler bilen üpjün edilýän ýokary hilli hyzmat bilen bilelikde hödürlenýär.
Aşgabatda we Balkanabatda ýerleşýän hyzmat merkezlerimiz tehnikalaryň seh şertlerinde hem-de meýdan şertlerinde ýokary derejeli tehniki hyzmatyny we remont hyzmatlaryny alyp barýar.

«Zeppelin Turkmenistan JV» hyzmatlarynyň ähli toplumy siziň enjamyňyzy bökdençsiz iş ýagdaýynda saklamaga gönükdirilendir. Siz tehnologiýalaryňyzyň işjeňligine bize ynanyp, doly ünsüňizi işiňize jemläp bilersiňiz!