7.1k+

“Koýot vs. Akme” animasion-oýun filminiň çykjak senesi belli boldy

“Koýot vs. Akme” (Койот против „Акме“) filmi 2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda ABŞ-da prokata çykar. Bu barada Comic Con konwentinde taslamanyň tanyşdyrylyşyndan soň yglan edildi diýip, Variety habar berýär. Reliziň senesi ilkinji resmi posterde hem görkezildi, onda koýotyň silueti bilen ýerdäki jaýryk şekillendirilýär...

6.2k+

Maýkl Jekson hakyndaky filmiň ilkinji görkeziljek senesi üçünji gezek yza süýşürildi

Maýkl Jekson hakyndaky "Maýkl" filminiň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylyň 24-nji apreline yza süýşürildi. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Bu eýýäm baýopigiň çykaryljak senesiniň üçünji gezek üýtgedilişi: başda film 2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde görkezilmelidi, soň ol üstümizdäki  ýylyň 3-nji oktýabryna yza süýşürildi...

5.2k+

“Awatar: Ot we kül” filminiň ilkinji treýleri çykdy

20th Century Studios kompaniýasy “Awatar: Ot we kül” (“Avatar: Fire and Ash”) filminiň – Jeýms Kemeronyň epiki kinofranşizasynyň üçünji bölüminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Resmi relizinden öň treýler birnäçe günüň dowamynda ABŞ-nyň käbir kinoteatrlarynda çäkli görkezildi...

4.5k+

Tim Býorton we Ledi Gaga täze gizlin taslamanyň üstünde işleýär

Tim Býorton “Uensdeý” düşürilenden soň ýene bir taslamanyň üstünde Ledi Gaga bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirýändigini habar berdi. Bu barada NME neşiri ýazýar. Giffonidäki kinofestiwalda režissýor “Uensdeýiň” ikinji möwsüminiň ilkinji dört bölümi görkezilmezden ozal tomaşaçylaryň soraglaryna jogap berdi...

6.6k+

Jon Uik baradaky filmleri dörediji “Calexit” komiksini ekranlaşdyrar

Jon Uik baradaky filmler bilen tanalýan amerikaly režissýor Çad Stahelski “Calexit” komiksi boýunça doly metražly film düşürer. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Ssenarini Black Mask Studios-yň prezidenti Matteo Pissolo ýazar, prodýuserler hökmünde Aleks Ýang, 87Eleven Entertainment-den Jeýson Spits, şeýle-de Pissolo, Brett Gurewis we Braýan Giberson çykyş eder...

2.7k+

Netflix meşhur “Uensdeý” serialyny üçünji möwsüme uzaltdy

Netflix platformasynyň taryhynda iň meşhur iňlis dilli serial “Uensdeý” üçünji möwsüme uzaldyldy. Bu barada platformanyň resmi saýtynda habar berildi. Mundan başga-da, taslamanyň režissýory Tim Býorton we baş keşbi ýerine ýetiriji Jenna Ortega The Hollywood Reporter bilen söhbetdeşlikde spin-offy döretmek mümkinçiliginiň maslahatlaşylýandygyny aýtdy...

5.5k+

“Mortal Kombat 2” filminiň treýleri rekord goýdy

“Mortal Kombat 2” filminiň treýleri wideolaryň Red Band wersiýalarynyň arasynda tomaşa sany boýunça täze rekord goýdy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, wideonyň ýaş çäklendirmesi bolan wersiýasy ilkinji 24 sagatda 106,8 mln tomaşa ýygnady...

2k+

82-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň programmasy yglan edildi

82-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň programmasy yglan edildi. Şu ýyl kinofestiwal 27-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda Lido adasynda geçiriler. Esasy bäsleşige Jim Jarmuş (Kaka Eje Uýa Dogan / Отец Мать...

7k+

“28 ýyl soň” horrory 29-njy iýulda onlaýn görnüşde çykar

Režissýor Denni Boýluň apokalipsisden soňky waka barada “28 ýyl soň” (28 лет спустя) zombi-horrory 29-njy iýulda daşary ýurt sanly platformalarynda çykar. Bu barada WhenToStream portaly habar berdi. Filmiň sýužeti “gahar wirusy” epidemiýasy sebäpli galan dünýäden üzňeleşdirilen Beýik Britaniýada ýaýbaňlanýar...

4.3k+

“Missiýa ýerine ýetirmesiz” franşizasynyň ahyrky bölümi 19-njy awgustda onlaýn çykar

“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” (Миссия невыполнима: Финальная расплата) filmi kinoteatrlarda görkezilip başlanandan üç aýdan soň, 19-njy awgustda sanly platformalarda elýeterli bolar. Meşhur franşizanyň baş keşbi Tom Kruzyň ýerine ýetirmegindäki sekizinji filmi, takmynan, 400 mln dollar býujet bilen dünýä prokatynda 589 mln dollar ýygnady...

2.2k+

“Lilo we Stiç” onlaýn görkezilip başlandy

Disney-iň “Lilo we Stiç” multfilminiň kinoremeýki onlaýn kinoteatrlarda elýeterli boldy. Ozal film 2025-nji ýylyň dünýä prokatynda 1 mlrd dollardan köp gazanan ilkinji golliwud taslamasy bolupdy. Sýužet başga planetadan gelen jandar bilen gawaýili gyzyň dostlugy barada gürrüň berýär...

2.5k+

Wenesiýa kinofestiwaly 2025-iň emin agzalarynyň düzümi yglan edildi

Wenesiýa kinofestiwalynyň müdirligi 82-nji biennaleniň emin agzalarynyň düzümini yglan etdi. Kinofestiwal 2025-nji ýylyň 27-nji awgustyndan 6-njy sentýabry aralygynda geçiriler diýip, Variety ýazýar. Esasy emin agzalarynyň ýolbaşçysy režissýor Aleksandr Peýn (“Galdyrylanlar”/Оставленные) bolar...

5.8k+

Marvel Demir adamyň roluna täze aktýor gözleýär

Marvel Studios-yň ýolbaşçysy Kewin Faýgi Demir adamyň roluny ýakyn wagtda başga bir aktýoryň ýerine ýetirip biljekdigini aýtdy. Bu barada Variety habar berýär. 2008-nji ýyldan bäri supergahryman Demir adama öwrülýän Toni Starkyň keşbini ekranda Robert Dauni-kiçi janlandyryp gelýärdi...

8.5k+

“Mortal Kombat 2” filminiň ilkinji treýleri çykdy

Warner Bros. studiýasy Mortal Kombat wideo oýunlary boýunça düşürilen filmiň dowamynyň ilkinji treýlerini hödürledi. Ol “Mortal Kombat 2” adyny aldy. Wideodan görnüşi ýaly, täze bölümiň merkezi gahrymany Jonni Keýj boldy...

3.9k+

“Kalmar oýny” Netflix-e çärýek girdejisi boýunça rekord goýmaga kömek etdi

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça Netflix akym hyzmaty üçin rekord 11,08 mlrd dollar girdeji barada hasabat berdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 16% köpdür. Netijä, esasan, hyzmatyň iň meşhur iňlis dilli däl taslamasy bolan “Kalmar oýnunyň” ahyrky möwsüminiň çykmagy täsir etdi...

2k+

“Ýyldyz söweşlerinden” Dart Weýderiň lazer gylyjy auksiona çykarylar

“Ýyldyz söweşleri: Imperiýa jogap urgusyny berýär” (Звездные войны: Империя наносит ответный удар) we “Jedaýyň gaýdyp gelmegi” (Возвращение джедая) filmlerinde ulanylan Dart Weýderiň şöhle gylyjy Los-Anjelesde auksiona çykarylar...

3.3k+

Indiana Jonsuň gamçysy auksionda ýarym million dollara satyldy

Heritage Auctions auksionynda “Indiana Jons we soňky haçly ýöriş” (Индиана Джонс и последний крестовый поход) filmindäki gamçy 525 müň dollara satyldy. Bu barada Associated Press agentligi habar berdi. “Gamçy – kino taryhynda rowaýaty gahrymanyň, Indiana Jonsuň belli nyşanydyr we ol bu auksionyň esasy wakasyna öwrüldi” – diýip, Heritage Auctions-yň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Jo Maddalena belledi...

6.3k+

“Tokio driftinden” mämişi-gara Mazda RX-7 1,2 mln dollara satyldy

“The Fast and the Furious: Tokyo Drift” (Тройной форсаж: Токийский дрифт) filminden meşhur Mazda RX-7 Gudwuddaky Tizlik festiwalynyň çäklerinde geçirilen Bonhams auksionynda satyldy. Ahyrky baha 911 müň funt sterling – takmynan, 1,2 mln dollar boldy...

2.7k+

Pixar täze “Bökegenler” multfilminiň tizer-treýlerini çykardy

Pixar studiýasynyň YouTube kanalynda “Bökegenler” (“Hoppers”) animasion filminiň tizer-treýleri hödürlendi. Multfilmiň 2026-njy ýylyň 6-njy martynda çykmagyna garaşylýar. Sýužet täze oýlap tapyşyň kömegi bilen öz aňyny mehaniki samyra oturdýan Meýbl atly gyz barada gürrüň berýär...

1.5k+

Raýan Gosling we Uill Ferrell “Bet oglanlar” ekşn-komediýasynda düşer

Raýan Gosling we Uill Ferrell täze “Bet oglanlar” (“Tough Guys”) ekşn-komediýasyna gatnaşar. Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, film Amazon MGM Studios tarapyndan çykarylar. Sýužet jenaýat işlerinde ulanylyp, taşlanmakdan bizar bolan iki ýoldaş barada gürrüň berer...

2.7k+

“Emmi-2025” baýragyna dalaşgärler yglan edildi

77-nji “Emmi” telewizion baýragynyň guramaçylary 2025-nji ýylda baýraga dalaşgärleri yglan etdi. Bu barada Variety habar berýär. Iň köp nominasiýany “Bölünişik” (Разделение, 27) we “Kinostudiýa” (23) seriallary aldy...

4.6k+

“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” kinoremeýki onlaýn çykdy

“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) filmi kinoteatrlarda görkezilip başlanandan bir ýarym aý soň onlaýn görnüşde çykdy. Film öz taýpasy wikingleriň aždarhalar bilen tükeniksiz söweşinden ýadan ýetginjek Ikkingiň (Hiccup) wakasyny gürrüň berýär...