6.3k+

“Liwerpul” deňiz tolkunynyň reňkinde täze eşik toplumyny hödürledi

Angliýanyň “Liwerpul” futbol kluby 2025/2026 möwsümi üçin üçünji eşik toplumyny hödürledi. Ol tomusdan bäri toparyň tehniki hemaýatkäri hökmünde çykyş edýän adidas tarapyndan taýýarlandy. Täze eşik deňiz tolkunynyň reňkinde ýerine ýetirildi we 1990-njy ýyllardaky we 2000-nji ýyllaryň başyndaky klub eşiginiň stilinde döredildi...

8.6k+

Forbes tomusda oýunçylar üçin has köp çykdajy eden 10 futbol klubunyň reýtingini düzdi

1-nji sentýabrda Ýewropa futbolynda tomusky transfer penjiresi ýapyldy. Bu gezek Angliýadan klublar örän köp şertnama baglaşdy. Premýer-liganyň klublary oýunçy satyn almak üçin rekord 3,11 mlrd funt sterling (3,5 mlrd ýewrodan gowrak) sarp etdi, bu bolsa beýleki öňdebaryjy Ýewropa ligalarynyň bilelikdäki çykdajylaryndan hem ýokarydyr...

6.4k+

“Liwerpul” Isak bilen şertnama baglaşdy: bu futbol taryhynda iň gymmat üçünji transfer

Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Aleksandr Isak “Liwerpul” bilen alty ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol toparda 9-njy belgini aldy diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi. The Athletic-iň we žurnalist Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, klub 25 ýaşly hüjümçiniň geçmegi üçin “Nýukasla” 125 mln funt (144 mln ýewro) töledi...

4.9k+

“Bawariýa” 75 mln ýewro “Liwerpuldan” Luis Diasy aldy

Luis Dias resmi taýdan Mýunheniň “Bawariýasynyň” oýunçysy boldy. Klub kolumbiýaly wingeriň “Liwerpuldan” geçendigini we onuň bilen 2029-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli dörtýyllyk şertnamanyň baglaşylandygyny habar berdi...

4.8k+

«Liwerpul» «Aýntrahtyň» hüjümçisi Ýugo Ekitikeni aldy

Fransiýaly hüjümçi Ýugo Ekitike resmi taýdan «Liwerpulyň» täze oýunçysy boldy. Klub 23 ýaşly futbolçyny Frankfurtuň «Aýntrahtyndan» bonuslary bilen birlikde €95 milliona satyn aldy. «Mersisaýdlaryň» habar bermegine görä, şertnama 2031-nji ýylyň iýunyna çenli niýetlenendir...

8.6k+

“Liwerpul” “Baýerden” Florian Wirsi satyn aldy: APL üçin rekord transfer

20-nji iýunda “Liwerpul” Germaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Florian Wirsi Lewerkuzeniň “Baýerinden” satyn aldy. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, transfer iňlis klubuna 125 mln ýewro düşdi, bu hem Premýer-liganyň taryhynda satyn alnan iň gymmat futbolçy boldy...

6k+

“Real” Trent Aleksandr-Arnoldyň geçendigini resmi taýdan yglan etdi

Madridiň “Realy” “Liwerpulyň” ýetişdiren oýunçysy we Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Trent Aleksandr-Arnoldyň topara geçendigini resmi taýdan yglan etdi. Futbolçy bilen şertnama 2031-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli möhlet bilen baglaşyldy...

13k+

Ýewropanyň iň gymmat futbol klublarynyň reýtingi düzüldi

Football Benchmark Group agentligi Ýewropada bazar bahasy ýokary bolan klublaryň reýtingini düzdi. Sanawda öňdebaryjy Madridiň “Realy” boldy. Onuň bahasy 6,3 mlrd ýewro barabar. Bloomberg “patyşalyk klubunyň” girdejileriniň “Bernabeu” stadionynyň durkunyň täzelenmegi netijesinde ep-esli artandygyny belleýär...

5.5k+

Mohamed Salah APL möwsüminiň iň gowy oýunçysy boldy

“Liwerpulyň” hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasy 2024/2025 möwsüminiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada liganyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berdi. Tamamlanan möwsümde 32 ýaşly müsürli oýunçy Angliýanyň çempionatynda 37 oýna gatnaşdy...

3.1k+

Wan Deýk “Liwerpul” bilen şertnamasyny uzaltdy

Angliýanyň “Liwerpul” futbol kluby niderlandly goragçy Wirjil wan Deýk bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy. Bu barada toparyň resmi saýty habar berýär. Klubuň 33 ýaşly kapitany bilen täze şertnama 2027-nji ýyla çenli hereket eder...

4.3k+

“Liwerpul” indi Nike-dan däl-de, adidas-dan geýner

“Liwerpul” öz resmi saýtynda adidas sport brendi bilen uzak möhletleýin şertnamanyň baglaşylandygyny habar berdi. Mersisaýdlylar ozal hem bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edipdi diýip, klubuň metbugat gullugy habar...

4.4k+

Goal: Mohamed Salah “Altyn topa” esasy dalaşgär hasaplanýar

Goal internet neşiri 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna dalaşgärleriň sanawyny hödürledi. Angliýanyň “Liwerpul” klubunyň müsürli futbolçysy Mohamed Salah bu baýraga esasy dalaşgär hasaplandy. Ikinji orunda Madridiň...

6.7k+

Ýurgen Klopp tälimçilik karýerasyny ýapandygyny yglan etdi

Germaniýaly hünärmen, “Liwerpulyň” we Dortmundyň “Borussiýasynyň” öňki baş tälimçisi Ýurgen Klopp tälimçilik karýerasyny tamamlaýandygyny aýtdy. Muny ESPN GB internet neşiri habar berýär. “Häzirki günde bu meniň...