Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäklerinde “Leonardo S.p.A” kompaniýasynyň başlygy Stefano Pontekorwo bilen duşuşdy.
Işewür Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gatnaşmagynyň uly hormatdygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, dürli halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde ösdürilýär.
“Biz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Türkmenistan bilen italýan kompaniýalarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk bilelikdäki taslamalarda, hususan-da, energetika, ulag, oba hojalygy, şeýle hem ýokary tehnologiýalar we innowasion çözgütler ýaly strategik ugurlarda özüniň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezdi” diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk diňe bir döwlet düzümleriniň arasynda däl-de, hususy kompaniýalaryň arasynda hem okgunly ösdürilýär. Bu ugurdaky tagallalar ýakyn ýyllarda bilelikde iş alyp barmak üçin bar bolan kuwwaty has-da artdyrmaga ýardam berýär.
Işewür Türkmenistanyň Prezidentine netijeli duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, italiýaly hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärli çemeleşjekdiklerini ynandyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra Türkmenistana ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.