Serdar Berdimuhamedow Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi

  • 26.10.2023 15:47
  • 6.2k+

Şu gün, 26-njy oktýabrda Ankarada Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparyna gabatlanyp, Türkmen-türk işewürlik maslahaty geçirildi. Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edarasynda geçirilen forumyň açylyş dabarasyna Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu çäräniň maksady özara bähbitlilik esasynda ýola goýlan söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň anyk ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Işewürlik maslahatynyň geçýän ýerinde Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy hem-de senagat we tehnologiýalar ministri tarapyndan mähirli garşylanyldy. Soňra olar bilelikde bu ýerde guralan Türkmenistanyň önümleriniň sergisine aýlanyp gördüler.
Maksatnama laýyklykda, Serdar Berdimuhamedow Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi. Döwlet Baştutany söwda-ykdysady ulgamda netijeli gepleşikleriň dowam etdirilmegine gönükdirilen şu gezekki duşuşykda ikitaraplaýyn hereketlere hil taýdan täze itergi berjek, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki işler boýunça anyk meselelere seretmäge ýardam etjek pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynam bildirdi. Çäräniň giň wekilçilikli düzümi bolsa türk işewür toparlarynyň Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändiklerinden nyşandyr.
Serdar Berdimuhamedow forumda eden çykyşynda ykdysadyýet, maýa goýumlar, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň, şunuň bilen birlikde, oba hojalygy, senagat we önümçilik kooperasiýasy pudaklarynyň, ylymdyr tehnikanyň milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarydygyny aýdyp, olar boýunça türkiýeli hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary ösdürmek babatda anyk teklipleri öňe sürdi. Hususan-da, Türkiýäniň işewür toparlary «Aşgabat-siti» konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak senagat klasteriniň gurluşyklaryna işjeň gatnaşmaga çagyryldy. Şeýle-de döwlet Baştutany bilelikdäki maýa goýum gaznasyny we Maýa goýumlar boýunça bilelikdäki iş toparyny, ulag-logistika merkezini döretmegi teklip edip, Türkmenistanyň türkmen elektrik energiýasynyňdyr tebigy gazynyň Türkiýä iberilmegi boýunça özara hereketlere açykdygyny tassyklady. Çykyşda gyzyklanma bildirilýän başga pudaklarda-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine üns çekildi.
Serdar Berdimuhamedowyň işewürlik forumyndaky çykyşy tamamlanandan soňra, türk tarapynyň käbir döwlet we hususy düzümleriniň ýolbaşçylary hem çykyş etdiler. Bu barada «Türkmenistan» elektron neşiri habar berdi.


вчера 19:38
3.6k+

Рашид Мередов встретился с украинскими дипломатами

25 июня министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов встретился с заместителем министра иностранных дел Украины Олександром Мищенко и специальным представителем МИД Украины по связям со странами......

вчера 19:26
1.4k+

Прошли туркмено-украинские политконсультации на уровне замминистров иностранных дел

25 июня в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялись туркмено-украинские политические консультации на уровне заместителей министров иностранных дел....

26.06.2026 20:55
2.9k+

Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана

25 июня в здании парламента Японии в Токио бывшему председателю японо-туркменской парламентской Лиги дружбы Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna»,......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Туркменистан и Казахстан определили новые направления экономического сотрудничества

24 июня в Астане состоялось очередное заседание Совместной межправительственной комиссии по экономическому, научно-техническому и культурному сотрудничеству между Туркменистаном и Казахстаном. По итогам......