Bahreýniň Patyşasy Serdar Berdimuhamedowa ýurduň ýokary döwlet sylagyny gowşurdy

  • 22.02.2023 19:40
  • 26k+

22-nji fewralda Manamada geçirilen ýokary derejeli türkmen-bahreýn gepleşikleri tamamlanandan soňra, «Al Gudaýbiýýa» köşgüniň uly mejlisler zalynda Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa Türkmenistanyň Prezidentine Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagyny — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni gowşurdy.

Serdar Berdimuhamedow bu ýokary sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistana, türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.
Bahreýn Patyşalygynyň ilkinji Emiri Şeýh Isa bin Salman Al Halifanyň adyny göterýän bu orden Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy hasaplanýar. Ol ýurduň häzirki Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa tarapyndan 1999-njy ýylyň oktýabrynda döredilip, döwlet hem hökümet Baştutanlaryna, Mirasdüşer Şazadalara, wise-premýerlere, ministrlere, harby gullukçylara we beýlekilere bitiren aýratyn hyzmatlary üçin berilýär.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Bahreýniň Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni bilen sylaglanypdy.


сегодня 07:51
1.4k+

Представители Меджлиса Туркменистана участвуют в семинаре в Пекине

Представители Меджлиса Туркменистана принимают участие в семинаре «Повышение роли законодательных органов и укрепление сотрудничества Китай – Центральная Азия», который проходит в Пекине с 22 по 28 июня. Об......

вчера 23:05
1.8k+

Мередов встретился с завершающим свою миссию послом Германии

24 июня министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов провёл встречу с чрезвычайным и полномочным послом Федеративной Республики Германия в Туркменистане Берндом Хайнсом, завершающим свою дипломатическую......

вчера 16:45
1k+

Делегация Туркменистана участвует в Форуме развития Фонда ОПЕК в Вене

Делегация Туркменистана во главе с председателем правления Государственного банка внешнеэкономической деятельности Туркменистана Рахымберди Джепбаровым принимает участие в Форуме развития Фонда ОПЕК 2026.......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Туркменистан и ЕС провели 18-й Диалог по правам человека

22 июня в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялся 18-й Диалог по правам человека между Туркменистаном и Европейским союзом. Об этом сообщает пресс-служба внешнеполитического ведомства....