Ýaponlar ömründe ilkinji gezek 10 günlük dynç alşa çykarlar

  • 22.04.2019 14:20
  • 2.7k+

Apreliň ahyrynda maýyň başynda ýaponlar ömürlerinde ilkinji gezek bassyr 10 günläp dynç alyp bilerler. Işde ýatyp-turýan adamlar hasaplanýan ýaponlar üçin bu görlüp eşidilmedik zat. Göräýmäge garaşylmadyk ýerden ýüze çykan bu dynç alyş ilat arasynda gyzgyn garşy alynaýjak ýaly. Emma on günläp hiç zat etmän gezmekligi Ýaponiýanyň ilatynyň ýarysyndan hem az bölegi makullaýar. Bu diýildiginiň ýaponlaryň dynç almagy halamaýandygyny aňlatýandygyny ýa-da däldigini Ria Nowosti habarlar agentliginiň habarçylary öwrenipdir.

Şu ýyl hökümetiň kararyna laýyklykda, Ýaponiýada 27-nji aprelden 6-njy maý aralygynda dynç alyş yglan edildi. Munuň sebäbi hem şol günlerde Ýaponiýanyň imperatory Akihito tagtdan aýrylyp, onuň ýerine mirasdüşer şazada Naruhitonyň geçmek dabarasy bolar.

«Dynç almagy başarmaýarys»

Cross Marketing Group Inc. kompaniýasynyň getiren statistik maglumatlaryna görä, pikir soraşylanlaryň diňe 40 göterimi öňde boljak dynç alşa sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Jogap berenler şol günlerde ýollarda ýüze çykjak ýol dykynlaryndan (ol bolsa gürrüňsiz ýüze çykar, sebäbi 127 million ýaponlylar şol bir wagtda ýurt boýunça syýahat etmäge çykar), dynç günlerde boljak çykdajylardan (çünki şol günlere pul tölenmeýär), şeýle hem ýadawlykdan zeýrenýärler.

Expedia Japan kompaniýasynyň geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, tölegli dynç alşa ilatyň ýarsy çykar. Munuň esasy sebäbi — otpusk alyp, öz işiňi başga biriniň üstüne ýüklemegi gelşiksiz görýändikleridir.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Туристический бум сделал Исландию самой дорогой страной мира

Исландия вновь стала самой дорогой страной мира, опередив Швейцарию по уровню цен. Об этом сообщило агентство Bloomberg со ссылкой на расчёты профсоюза работников умственного труда Viska, основанные на данных......

27.05.2026 14:41
6.7k+

В Малайзии работает самый большой отель в мире: в нем 7351 номер

Отель First World Hotel в малайзийском курортном комплексе Гентинг-Хайлендс сохраняет статус крупнейшей гостиницы мира. После расширения номерной фонд комплекса достиг 7351 номера, что позволило ему вернуть......

24.05.2026 16:01
4k+

Финляндия оплатит 16 иностранцам гастрономическое путешествие по стране

Туристическая организация Visit Finland этой осенью организует полностью оплачиваемое гастрономическое путешествие для 16 иностранных гостей, чтобы популяризировать во всем мире финскую кухню. Об этом сообщает......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Фанаты аниме и манги стимулируют рост туризма в Азии

В Азии растет популярность аниме-туризма: по данным Trip.com, количество поисковых запросов, связанных с поездками по мотивам аниме и манги, за год увеличилось на 195 %....