Syýahatçylygyň iň ýörgünli görnüşleri

  • 16.04.2019 09:52
  • 2.6k+

Dünýä boýunça syýahatçylygyň dürli görnüşleri barha ýörgünli häsiýete eýe bolýar. Olaryň käbirleri barada durup geçeliň.

Oba syýahatçylygy. Bu syýahatçylygyň maksady haýsy hem bolsa bir oba ýerine baryp, sygyr sagmagy, mellekde bakja önümlerini ýetişdirmegi, ot ormagy, towuklara iým bermegi öwrenmegi göz öňünde tutýar. Bu işlere derek size mugt ýatalga jaýy we nahar hem berlip bilner. Kähalatlar bolsa bular üçin tölemeli bolar. Mundan başga-da, oba syýahatçylygy çeşmäniň boýunça dynç almagy, tokaýda gezelenç etmegi, balyk tutmagy, gaýykda aýlanmagy, mangal ýaly güýmenjeleri öz içine alyp biler. Syýahatçylygyň bu hili görnüşi Fransiýa, Germaniýa, Hindistan, ABŞ ýaly ýurtlarda ýörgünli.

Jaýloo-syýahatçylyk. Bu syýahatçylygyň ekstremal görnüşleriniň biri. Munda häzirki siwilizasiýanyň miwelerinden uzakda, ilki durmuş adamzat gurluşygynyň däpleri saklanyp galan taýpalaryň arasynda ýaşamak göz öňünde tutulýar. Bu hili syýahatçylyk Afrikada, Sibir tokaýlyklarynda, Demirgazyk Amerikada, Amazonka tokaýlarynda ýörgünlidir.

Kinosyýahatçylyk. Geçirilen barlaglara görä, syýahat edýänleriň 40%-i meşhur kinofilmleriň düşürilen ýerlerinde bolup görmek isleýär. Kino muşdaklary söýgüli kinolarynyň düşürilen ýerlerinde bolup görmek üçin pullaryny gaýgyrmaýarlar. Nýu-Ýork -  köpsanly filmleriň düşürilen ýeridir. Bu ýerde Godzilla, King-Kong, «Möý Adam» filmleri düşürildi.

Aşhana syýahatçylygy. Tejribeli syýahatçylar islendik halkyň tagamlaryny dadyp, şol halkyň aýratynlyklary dogrusynda has köp zat bilip bolýandygyny bilýärler. Bu syýahatyň netijesinde siz daşary ýurtlardan gymmatly reseptleri getirip bilersiňiz. Aşhana syýahatçylygy Çehiýa, Wengriýa, Şotlandiýa, Fransiýa, Italiýa, Ispaniýa ýaly ýurtlarda ösendir.

Rekord goýmak maksady bilen syýahatçylyk. Bu hem syýahatçylygyň täsin görnüşlerini biridir. Bu syýahatçylar ýola düşmezden öň Ginnesiň rekordlar kitabyna arza berýärler. Mysal üçin, iň garry syýahatçy hökmünde 106 ýaşly ýaponiýaly Saburo Şoçi hasaba alyndy. Ol 56 müň kilometrden gowrak aralygy jemgyýetçilik ulagynda geçdi, 6 döwlete, şol sanda, Bolgariýa, Kanada we Günorta Afrika Respublikasyna bardy. Iňlis Jeýms Bothorp bolsa welosipedli 174 günde 18 müň mil we 20 döwlete aýlandy. Bu netijä ýetmek üçin ol günde 14 sagat pedal aýlamaly bolupdyr. Ol welosipedde dünýäniň daşyndan iň tiz aýlaw eden adam hökmünde rekord goýdy.

10.05.2026 22:08
7.8k+

Турецкие отели снижают цены на туры: скидки на проживание достигают 25%

В марте текущего года туристическая отрасль Турции зафиксировала существенное снижение объема бронирований, вызванное нестабильной международной обстановкой. Об этом пишет турецкая газета Ekonomim со ссылкой......

03.05.2026 11:40
4k+

В Альпах строят самый длинный железнодорожный тоннель в мире

Под Альпами продолжается строительство самого длинного железнодорожного тоннеля в мире — его протяжённость составит 64 километра....

01.05.2026 15:59
4.5k+

​В Египте нашли массивную статую Рамсеса II

​Археологическая миссия в египетской провинции Эш-Шаркия обнаружила статую, предположительно изображающую фараона Рамсеса II. Об открытии, сделанном в ходе раскопок в районе Эль-Хусейнии на участке......

28.04.2026 07:10
4.9k+

​«Город не может быть гигантским отелем»: в Афинах объявили борьбу с наплывом туристов

​Мэрия Афин приняла решение прекратить все программы поддержки туристической отрасли в историческом районе Плака из-за критического наплыва посетителей. В прошлом году город принял рекордные 8 миллионов......