NASA Aý raketasynyň ilkinji uçurylyşyna taýýarlanýar

  • 20.08.2022 23:52
  • 4.2k+

Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça edara (NASA) sişenbe güni ägirt uly Space Launch System Aý raketasyny uçuş meýdançasyna daşamaga başlar. Raketanyň ilkinji synag uçuşy awgust aýynyň ahyrynda bolmaly diýip, “Golos Ameriki” habar berýär. Muny forbes.kz ýetirýär.

Beýikligi 98 metr bolan raketa 29-njy awgustda adam gatnaşmazdan özüniň ilkinji kosmos uçuşyna başlar. Bu möhüm uçuş birnäçe wagt bäri soňa goýulýardy. NASA raketany Aýa “Artemida” programmasynyň – Birleşen Ştatlaryň geljekde missiýalary Marsda ýerine ýetirmek üçin tejribe ediner ýaly adamlary Aýa eltmäge synanyşygynyň çäklerinde uçurýar.
Soňky on ýylda Boeing kompaniýasynyň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip düzülen Space Launch System ýerli wagt bilen sagat 9 töweregi Floridadaky Kennedi adyndaky kosmos merkeziniň gurnama sehinden çykarylyp, uçuş meýdançasyna tarap 6 km ýoly başlamaly. Sagatda 1,6 km tizlik bilen hereket edende, gurnama, takmynan, 11 sagat wagt alýar.
Raketanyň depesinde Lockheed Martin kompaniýasy tarapyndan gurlan astronawtlar üçin Orion moduly ýerleşýär. Raketa kosmosa çykandan soň Orion ondan aýrylyp, adamlary Aý orbitasyna eltmeli we astronawtlary Aýyň üstüne eltjek beýleki kosmos gämisi bilen birleşmeli.
29-njy awgustda başlajak “Artemida-1” missiýasynyň çäklerinde kapsulda ekipaž bolmaz. Orion-yň Aýyň orbitasyna baryp, 42 günden Ýere gaýdyp gelmegi meýilleşdirilýär.


düýn 14:10
1.5k+

Netflix NASA-nyň raketalarynyň uçuşyny we beýleki kosmos missiýalaryny ýaýlyma berer

Netflix akym hyzmaty NASA bilen hyzmatdaşlykda raketalaryň uçuşyny, astronawtlaryň açyk kosmosa çykyşyny we beýleki kosmos bilen bagly wakalary göni ýaýlymda görkezip başlar. Bu barada platformanyň sosial ulgamlarynda habar berilýär...

28.06.2025 12:42
8.5k+

Aý raketasy üçin döredilen täze gaty ýangyçly tizlendiriji synag wagty partlady

26-njy iýunda Northrop Grumman kompaniýasynyň ABŞ-nyň Ýuta ştatyndaky synag meýdançasynda «Artemis IX» Aý missiýasy üçin niýetlenen SLS raketasynyň täze gaty ýangyçly tizlendirijisiniň synagy geçirildi. Işe girizilmeginden iki minut hem geçmänkä we otlaýyş prosesiniň tamamlanmagyna on sekunt galanda, enjamyň soplosy döwlüp, ýangyn döredi...

22.06.2025 18:05
3.5k+

NASA «Resilience» enjamynyň Aýa baryp urulmagynyň netijelerini görkezdi

11-nji iýunda NASA-nyň Aýyň orbitasyndaky Lunar Reconnaissance Orbiter (LRO) atly enjamy Sowuk deňiz (Mare Frigoris) sebitini surata düşürdi. Bu ýere 5-nji iýunda ispace Mission 2 SMBC x HAKUTO-R Venture Moon atly («Resilience») Aý moduly baryp urlupdy...

18.06.2025 14:34
4.7k+

Pluton Gün ulgamy üçin howanyň düýbünden täze görnüşine eýe. Muny bilmäge James Uebb kömek etdi

James Uebb kosmos teleskopy (JWST) astronomlara ýene bir möhüm açyşy etmäge kömek etdi, ýagny ol alymlara Plutonyň adaty bolmadyk howa ulgamyny açmaga mümkinçilik berdi. Gözegçilikler planetanyň üstündäki belentlikdäki dumanyň onuň ekstremal howa şertlerine işjeň täsir edýändigini görkezdi...